logo

Latest news:
✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦
Home / Society /Garaşsyzlyk – bagtymyz
  07.10.2021
786
Garaşsyzlyk – bagtymyz

      Şu gün Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu kitap şöhratly senä – Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan özboluşly edebi esere öwrüldi.

        Welaýat häkimliginiň, welaýat edara-kärhanalarynyň, jemgyetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, dili senaly ýaşulularyň, mährem eneleriň, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň zähmetkeşleriniň, ýaşlaryň, şeýle-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli hormatly atlara we döwlet sylaglaryna mynasyp bolan bagtyýar raýatlaryň gatnaşmagyndaky bu çäre aýratyn dabaraly ýagdaýda geçdi. 

         Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senesi mynasybetli öz halkyna ajaýyp sowgada öwrülen, mazmuny boýunça, hakykatdan-da, gymmatly kitabynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ägirt uly gazananlarynyň, Garaşsyz Watanymyzyň okgunly ösüşiniň aýdyň beýanydygyny, eziz Diýarymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň bolsa, döwlet Baştutanymyzyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny nygtadylar.

         Welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy Resul Işangulyýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa we beýlekiler  öz çykyşlarynda dabara gatnaşyjylary hormatly Prezidentimiziň täze çapdan çykan kitaby mynasybetli gutlap,  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýen çuňňur mazmunly şygar astynda geçýän şu şanly ýylda çapdan çykan kitaby asyrlaryň dowamynda ençeme beýik döwletleri döreden türkmen halkynyň iň täze taryhyna öz boluşly syýahatdyr. Milli Liderimiziň eserinde bellenilişi ýaly, ata-babalarymyzyň hemişe arzuw eden, ikinji müňýyllygyň ahyrynda döredilen Garaşsyz Türkmen döwleti dünýäniň syýasy kartasynda mynasyp orny eýeläp, tutuş adamzada öz şuglasyny saçyp, düýbünden täze, bagtyýar döwrüň başlanandygyny alamatlandyrdy diýip  bellediler.

          Welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralan dabarada Hormatly il ýaşululary, Hormatly atlara, Döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlar gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.   

         Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiziň ata Watanymyza hem-de mähriban halkymyza bolan egsilmez söýgüsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler, halkymyzyň bagtyýarlygyny we abadançylygyny üpjün etmek täze taryhy eýýamda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň baş maksadydyr.

         Milli Liderimiziň çapdan çykan täze kitaby mynasybetli geçirilýän dabara welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlaryna utgaşdy. Joşgunly aýdym-sazlarda, milli öwüşginli tans we halk döredijilik çykyşlarynda eziz Diýarymyzyň, bagtyýarlyga beslenen döwrümiziň, hormatly Prezidentimiziň beik tutumly işleriniň, ruhubelent halkymyzyň waspy buýsançly we joşgunly ýetirildi. Türkmeniň aýdym-saz sungatynyň özboluşlylygyny görkezýän küştdepdiniň joşgunly ýerine ýetirilen çykyşy baýramçylyk dabarasyny jemledi.

         Türkmen döwlet neşirýat gullygy tarapyndan ýokary çap usulynda neşir edilen kitap giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir.

          Şu çäre gatnaşyjylar Ýüzlenme kabul edip, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesine bagyşlan ajaýyp döredijilik sowgady üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.