Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Gaplaň reňkli towşan
  06.12.2024
197
Gaplaň reňkli towşan

Islendik adama tebigat diýende, ýaşyl reňkli ösümlikleri we haýwanlary özünde saklanýan daşky gurşaw göz öňüne gelýär. Emma tebigat barada bu aýdylanlar tebigaty doly düşündirmäge ýeterlik däldir. Aslynda tebigatyň özi bir dünýä!

 

Ýagny biz oňa täsinlikler dünýäsi diýsek hem ýalňyşmaýarys! Tebigatda birnäçe hadysalar bolup geçýär. Tebigat bilen has içgin gatnaşykda bolmak arkaly şol täsinlikler bilen tanyşmak mümkin. Adamlar ençeme ýyllardan bäri tebigat bilen iş salyşyp gelýär we netijede birnäçe täsinlikleriň döremegine öz goşandyny goşup başlady.  Ol täsinlikleriň biri hem gaplaň reňkli towşandyr. Onuň latynça ady rex rabbit bolup, ol özboluşly we ajaýyp görnüşi bilen towşanlaryň arasynda aýratyn orny bar bolan bir jandar.

 

Bu towşan, diňe bir öz reňki bilen däl, eýsem aýratyn gözellikleri bilen-de ünsleri özüne çekýär. Tebigatda käbir towşanlaryň nagyşly reňkleri özlerini daşky gurşaw bilen utgaşdyrmak we duşmanlardan gizlenmek üçin peýdalydyr. Ýöne gaplaň reňkli towşanlar esasan öý towşanlary bolup, bu aýratynlyk seleksiýa maksatly ýüze çykýar.

 

Gaplaň reňkli towşanlar, adatça, öýde bakylýan görnüş bolsa-da, olaryň üýtgeşik reňk aýratynlyklary tebigatda-da goranyş usullary bilen baglanyşykly bolup biler. Onuň esasy aýratynlygy bedenindäki reňkleriň ajaýyp utgaşmasy gaplaňyň reňkleriniň utgaşmasyndan kem däldigidir. Bu ajaýyp utgaşma gaplaň bedeninde bar bolan nagyşlaryň towşanyň hem bedeninde döremegine getirýär. Bu reňk genetiki aýratynlyk bolup, käbir towşan görnüşlerinde ýüze çykýar. Bu reňk esasan seleksiýa arkaly ösdürilip ýetişdirilen towşan tohumlarynda duş gelýär.Gaplaň şekilli nagyşlary we reňkleri döredýän melanin atly pigmentleriň düzümindäki genlere  täsir edýärler.

 

Şeýlelik bilen melaniniň iki görnüşi emele gelýär. Olar eumelanin gara ýa-da goňur reňkler we feomelanin sary ýa-da gyzyl reňkler. Bu pigmentleriň möçberi we ýerleşişi edil gaplaňyň bedenindäki nagyşlaryň emele gelmegine sebäp bolýar. Gaplaň reňkli towşanlar ilkinji gezek seleksioner alymlar tarapyndan Ýewropada döredilipdir. Bu genetiki aýratynlyk ýabany towşanlarynda seýrek ýagdaýlarda ýüze çykyp, soňra köpelipdir. Ol esasan Demirgazyk Amerikanyň fermalarynda, Russiýa we Merkezi Aziýa döwletlerinde ýönekeý gyzyklanma seleksiýasy hökmünde, Hytaý ýaly ýurtlarda hem giňden ýaýrandyr. Agramy 2 kg-dan 6 kg-a çenli  bolup, tohumyna görä üýtgeýär. Uzynlygy 40–60 sm aralygynda bolýar.  Bu towşan ylymyň we tehnologiýanyň ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr.


Taýýarlan:Ogulgerek  ZAKIRJANOWA
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby