logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Science and Education /Galkynyşly eýýamyň bilim ulgamy ösüşlere beslenýär
  17.02.2023
834
Galkynyşly eýýamyň bilim ulgamy ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda hormatly Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan ylym-bilim ulgamy uly üstünliklere eýe bolýar. Milli bilim ulgamy jemgyýetiň kuwwatly özgerdiji güýji bolmak bilen, eziz Diýarymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynyň wajyp şerti bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Döwrümiziň ylmy-tehniki ösüşiniň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylmy, bilimi, medeniýeti ösdürmek babatda uly tejribe topladyk. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris» diýip nygtamagy döwletimizde türkmen ylmyny ösdürmeklige uly üns berilýändiginiň aýdyň beýanydyr. Ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, geljekki hünärini saýlamaklary, öz ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmaklary üçin ähli şertler döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünär derejeli işgärleri kemala getirmäge ähmiýet berýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Okuw mekdeplerini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak hem-de bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek türkmen ýaşlarynyň üstünliklerini goşalandyrýar. Bu günki günde ýurdumyzda bilimiň hiliniň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň netijeli işleri amala aşyrylýar.

Arkadagly Serdarymyzyň ýöredýän bilim syýasaty hem-de sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bu gün özüniň ajaýyp miwesini berýär. Milli we iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar, sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetilýär. Şeýle hem ýaş nesle daşary ýurt dillerini öwretmegiň usullary kämilleşdirilýär, olaryň sanawy giňeldilýär. Bu ugurda ýörite okuw mekdepleri hem üstünlikli hereket edýär. Bularyň ählisi bilimiň hemmelere elýeterliligini üpjün etmek, ýaşlaryň öz ukyp-başarnygyny, zehinini doly derejede açyp görkezmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ylym ulgamyna döwlet tarapyndan goldaw bermek, geljegi uly ylmy barlaglary we tehnologik işläp taýýarlamalary maliýeleşdirmek ugurlary ýyl-ýyldan giňeldilip, olaryň işine täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary ornaşdyrylýar. Ählumumy internet ulgamy we elektron kitaphanalar arkaly dünýäniň maglumat giňişligine aralaşmak işleri ýola goýulýar. Türkmen ylmyny ösüşiň täze derejesine çykarmak arkaly bilimli nesli kemala getirmek bolsa ata Watanymyzy ösüşlere beslemäge esas döredýär. 

 

Muhammetmyrat AŞYROW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we 
ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.