logo

Latest news:
✦ Ýeňiş güni mynasybetli weteranlar sylaglandy ✦ ✦ «Arkadagly ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara ýetirildi ✦ ✦ Türkmenistan — TÜRKSOÝ: medeni hyzmatdaşlygyň üsti bilen halklary birleşdirýän köpri ✦ ✦ Sport ýaryşlarynyň netijeleri jemlendi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti “SusHi Tech Tokyo 2026” halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ TOHU-da «Biznesiň skeleti – Rollar we paýlar» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler ✦ ✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦
Home / Culture /Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan:
  02.03.2023
3491
Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan:

Arşdan saňa indirilen iň uly serpaý – bu ene mähri. Günüň ýylysynyň topraga jan berşi ýaly, seniň janyň rahatlygy özüňe siňdirilen mähir gönezligindedir. Mähribanlygyň eneler bilen birliginiň asylky manysy olaryň dowamata ynsanlygyň iň asylly ýörelgelerini miras goýmak wezipesini berjaý edýänligindedir. Iň gowy gylyk-häsiýetler, başarnyklar eneleriň mähirli bakyşy, yhlasy, aladasy bilen perzendine geçýär.

* * *

Kiçilikde ynsan üçin ene hüwdüsinden ýakymly owaz, söz hem-de saz ýokdur. Kemala gelen perzent üçin bolsa, enäniň ak patasy onuň ýüregine düwen ýagşy niýetini amala aşyrmagynyň şertliligidir. Bu, elbetde, dogrudyr. Halkymyzyň paýhas gorunda bu ýagdaý hem öz beýanyny tapypdyr.

* * *

Enelere mahsus ähli zatda tükeniksiz uly mähir bar. Eneler öz mähri bilen öý-ojagyň abadanlygyny, il-ulsuň abatlygyny üpjün edýärler. Enelere hormat goýmak, ýagşylyga dowamat bermek, mukaddeslige tagzym etmekdir.

* * *

Eneleriň kalby asman ýaly päkize, ýürekleri bolsa Gün ýaly şuglaly.
Enelerde ýüregi ýyladýan mähir bar.
Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar.

* * *

Hüwdüde aýratyn ýakymlylyk, mähir bar. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Sebäbi onda ýürek arzuwlary ýaşaýar. Ýüregiňi goýup döredilen sungat eseri bolsa, nusgalyk esere öwrülýär. Häzir maňa ejem janyň «Janyň sagmydyr?» diýen sözleri hem şol şirin hüwdi ýaly tükeniksiz mähribanlyk bolup eşidilýär. Ýaňy dünýä inen çaga sallançakda ýatyrka, oňa rahatlyk berýän şol mähirli ses ene hüwdüsidir. Her bir ynsan öz ene dilindäki ilkinji sözi hüwdiniň üsti bilen eşidýär.

* * *

Dünýä eneleriň mähribanlygyndan nurlanýar. «Ene» düşünjesinden «ene ýer», «ene toprak», «ene dil» ýaly söz düzümleri emele gelýär. Enäniň dünýäniň başlangyjy bolmagy hakyndaky düşünje, bu mähriban ynsanyň ýaratmak bilen umumylygynyň, dünýäde dörediji hökmündäki tebigy häsiýetlendirilmesiniň gözbaşydyr. Eneleriň bahara meňzedilmegi hem şonuň üçindir. Bahar paslynyň gelmegini tebigatyň ynsana ýalkaw inderen pursady diýip kabul eden ata-babalarymyz iň gözel oý-pikirleriň netijeliliginde hem bahary hem-de oňa mahsus bolan döredijilik güýjüni görýärler. Şonuň üçin hem goýnunda owadan gülleri, baglary gülledýän, şemalyň, Günüň, suwuň ýakymy bilen demine alýan mukaddes toprak hem enedir.