logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / In the world /Filippinlerde 6.4 ball derejesinde ýer titremesi boldy
  26.10.2022
999
Filippinlerde 6.4 ball derejesinde ýer titremesi boldy

ABŞ-nyň Geologiýa gözleg gullugy Filippinleriň Luzon adasynda 6.4 ball derejesinde ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi. Ýer titremesiniň takmynan 16 kilometr çuňlukda emele gelendigi öňe sürülýär.

Filippinleriň Wulkanologiýa we seýsmologiýa instituty tarapyndan berlen beýanatda ýer titremesiniň 6.4 ball derejesinde, ýerli wagt bilen 22:59-da bolandygy mälim etdi.

Ýer titremesinde hiç hili emläk zyýany ýa-da adam pidasy bolmandygy habar berilýär.