logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy
  02.04.2022
1057
“Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik topary açyldy

Ýakynda geçirilen wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedinde ýerleşýän “Farap” gümrük nokadynda Port gözegçilik toparynyň dabaraly açylyşy geçirildi.  Port gözegçilik topary BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň bilelikdäki “Konteýnerli ýük daşamalara gözegçilik etmek boýunça Ählumumy Maksatnamasynyň” çäklerinde, BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirligi hem-de Lebap welaýat gümrükhanasy tarapyndan bilelikde açyldy.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen çärä BMG-niň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň sebitleýin wekili Aşita Mittal, hemaýatçy halkara guramalaryň wekilleri, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň başlygynyň orunbasary Utkirjon Kodirow, “Alat” gümrük nokadynyň (Özbegistan Respublikasy) Port gözegçilik toparynyň agzalary, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary Döwlet Baýryýew gatnaşdylar.

Port gözegçilik topary - ýörite taýýarlanylan we enjamlaşdyrylan bölüm bolup, onuň esasy wezipesi howplulyk derejesi ýokary bolan konteýnerleri kanunalaýyk söwda bökdençlik döretmezden ulgamlaýyn barlagdan geçirmekden ybaratdyr.