Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦ ✦ Marokkada Magtymguly Pyragynyň hormatyna çäreler geçirildi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Eýran Halkara energiýa arenasynda täze orun eýeleýär
  19.12.2024
50
Eýran Halkara energiýa arenasynda täze orun eýeleýär

Eýranyň Nebit ministri Mohsen Paknežad 2025-nji ýyl üçin Nebit Eksport edýän ýurtlaryň Guramasynyň (OPEK) başlyklygyna saýlandy. Bu baradaky habar Eýranyň resmi habarlar gullugy IRNA tarapyndan mälim edildi. OPEK-iň resmi web sahypasynda hem başlyklygyň Eýrana geçirilendigi tassyklanyp, häzirki başlyk Gabonyň nebit ministri Marsel Abekä 2024-nji ýylda ýerine ýetiren hyzmatlary üçin hoşallyk bildirildi.

 

Eýranyň nebit ministri Paknežad özüniň guramanyň yzygiderliligini, agzybirligini we ösüşini goramak üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanjakdygyny aýtdy. Bu beýanat guramanyň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we durnuklylygy üpjün etmäge gönükdirilen çäreleriň öňüni açýar.

 

OPEK-iň metbugat beýanatyna laýyklykda, guramanyň Baş sekretary Haýsam al-Gaýsyň möhleti ýene üç ýyl uzaldyldy. OPEK düzgünnamasyna laýyklykda, Baş sekretar üç ýyllyk möhlet bilen saýlanýar we bir gezek gaýtadan saýlanyp bilýär.

OPEK-iň Ştab-kwartirasy we Agza ýurtlar

OPEK-iň ştab-kwartirasy Awstriýanyň Wenasynda ýerleşýär. Gurama häzirki wagtda 13 ýurtdan ybarat: Alžir, Angola, Wenesuela, Gabon, Yrak, Eýran, Kongo, Kuweýt, Liwiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Nigeriýa, Saud Arabystany we Ekwatorial Gwineýa. Bu ýurtlar dünýäniň nebit bazarynda möhüm orny eýeleýärler we bahalaryň durnuklylygyny saklamak üçin bilelikdäki strategiýalary işläp düzýärler.

 

Eýranyň 2025-nji ýylda OPEK-iň başlyklygyny kabul etmegi ýurduň energiýa syýasatyndaky täsirini artdyrmak we halkara energiýa bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak üçin möhüm pursat bolar. Guramanyň ýolbaşçylygy Eýranyň dünýä energiýa strategiýasyna goşandyny artdyrmak bilen birlikde, ykdysady we diplomatik gatnaşyklaryny güýçlendirmek üçin täze mümkinçilikleri döreder.

 

OPEK-iň başlyklygy Eýrana 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap geçer. Bu möhüm wezipäniň Eýranyň halkara energiýa bazaryndaky ornuna nähili täsir etjekdigi uly gyzyklanma bilen garaşylýar.

 

Jeren Amanmyradowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.