Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Gyzykly /Eşik tehnologiýasynda täze öwrülişik
  05.12.2024
212
Eşik tehnologiýasynda täze öwrülişik

Bäş ýyllyk ylmy barlaglardan we synaglardan soň, LG Display innowasion displeý prototipini hödürledi. Bu ekran diňe 50%-e çenli uzalmak bilen çäklenmän, islendik görnüşde egilip we öwrülip bilýär, şol bir wagtda-da hiç hili zeper görmeýär.

 

LG-niň wekilleri täze ekran barada şeýle diýýärler:

“Bu diňe giňeldilip bilinýän ekran däl, eýsem bükülip, egilip we öwrülip, islendik görnüşde ulanylyp boljak tehnologiýa.”

 

Täze model 2022-nji ýylda çykarylan öňki nusgadan has kämilleşdirilen. Giňeldiş derejesi öň 20% bolan bolsa, indi 50%-e ýetdi. Ekranyň ululygy hem 30 sm-den 45 sm-e çenli ýokarlandy.

 

LG bu çeýeligi gazanmak üçin ýokary hilli, çydamly materiallary ulanyp, daşarky täsirlere garşy durup bilýän we ýokary hilli şekili üpjün edýän tehnologiýany işläp düzdi. Bu materiallar esasan kontakt linzalaryny we mikroýagtylandyryjy enjamlary öndürmekde giňden ulanylýar. Ekran gündelik ulanmakda durnuklylygyny we uzak möhletleýin ulanylyş mümkinçiligini üpjün edýär.

 

LG döredijileri bu innowasiýanyň moda pudagynda uly öwrülişik döredip biljekdigine ynanýarlar. Displeý tehnologiýasy bilen tikin materiallaryny birleşdirip, reňkleri we dizaýnlary duran ýerinde üýtgedip bolýan ýörite egin-eşikler döredip bolar.

 

Moda dizaýnerleri Ýun Hi Pak we Çang Çung Li bu mümkinçilik barada şeýle belleýärler:


“Displeý bilen tikin materiallaryny birleşdirip, hiç haçan köhnelmejek we stilden çykmajak eşikler öndürmek mümkin.”



Azamat Sahatow
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.