logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy
  05.08.2022
1190
Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkezi açyldy

Şu gün Esenguly etrabynda “Arkadagyň nesilleri” atly döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Açylyş dabarasyna Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy we deputatlar, welaýat, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Döwrebap çagalar dynç alyş merkeziniň umumy tutýan meýdany 1,5 gektara barabar bolup, bu merkez Esenguly etrap häkimliginiň buýurmasy boýunça Durmuş maksatly hyzmat ediş müdirligi tarapyndan çagalaryň dynç alşyny guramaga hem-de gurluşyk ülňülerine bildirilýän häzirki zaman talaplaryna laýyklykda bina edildi. Bu ýerde çagalaryň wagtlaryny şadyýan we işjeň geçirmegi üçin ähli şertler döredildi.

Merkeziň çäginde dürli attraksionlar, şol sanda oýun hiňňildikleri, awtodrom, syn ediş çarhy, oýun zaly, garbanyşhana, çaga oýnawaçlarynyň dükany hem-de beýlekiler ýerleşýär. Bu ýere gelýänler üçin ýaşyl baglaryň we gülleriň arasynda amatly oturgyçlar hem ornaşdyrylypdyr.