logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Economics /Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi
  29.12.2025
321
Energetika we ulag boýunça möhüm Kararnamalar kabul edildi

2025-nji ýylda Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň syýasy we hukuk esaslaryny ep-esli derejede pugtalandyrdy. Bu barada daşary işler ministri Raşid Meredow «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Bitarap Türkmenistanyň ynamly ädimleri» atly dabaraly çärede çykyş edip aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamalaryň biragyzdan kabul edilmegi ýylyň möhüm netijeleriniň biri boldy. Şeýle resminamalara dünýäniň köp sanly döwletleriniň awtordaş bolup çykyş etmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki ýokary abraýynyň we ynamynyň aýdyň subutnamasydyr.

 

2025-nji ýylyň 15-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalara aýratyn üns çekildi. Olaryň arasynda «Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny» atly Kararnama ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şeýle hem «Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy (2026–2035)» baradaky Kararnama geljek ýyllarda halkara ulag geçelgeleriniň ösdürilmeginiň strategiki ugurlaryny kesgitleýär.

 

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu Kararnamalar diňe deklaratiw häsiýete eýe bolman, eýsem, amaly taýdan ýerine ýetirilmeli wezipeleri hem öz içine alýar. Hususan-da, energetika we logistika ulgamlarynyň häzirki ýagdaýyna seljerme geçirmek, Türkmenistanyň teklibi boýunça döredilen BMG-niň ýörite düzümleriniň işini alyp barmak, şeýle hem milli, sebit we ählumumy derejesindäki hyzmatdaşlygy utgaşdyrýan mehanizmleri döretmek göz öňünde tutulýar.

 

Kabul edilen bu resminamalar halkara energetika we ulag ulgamlarynyň özara baglanyşygyny ösdürmek üçin berk hukuk binýadyny emele getirdi. Şeýlelikde, Türkmenistan durnukly ösüş boýunça ählumumy çözgütleri işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde öz ornuny nobatdaky gezek tassyklady.

 

Näzik SARYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň
mugallym-öwrenijisi.