Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ene-dünýäň ýaraşygy!
  08.03.2022
280
Ene-dünýäň ýaraşygy!

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy boldy. Bu ýerde Halkara zenanlar güni we sowgat gowşurylyş dabarasy mynasybetli Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de welaýat Medeniýet müdirligi tarapyndan “Ene-dünýäň ýaraşygy” atly guralan aýdym-saz konserti toý ruhuna eýe boldy.

         Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda giňden dabaralandyrylýan Halkara zenanlar gününiň öňsyrasynda hem Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyny dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekdi. Şol resminama esasynda welaýatymyzyň bagtyýar enelerine Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle bolansoň, hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler nobatdaky dabaranyň myhmanlary boldular.

         Dabarada Welaýat häkimi Ýazmuhammet Gurbanow çykyş edip, oňa gatnaşyjy zenanlary Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlady hem-de nobatdaky wakanyň ähmiýetini belledi. Welaýat häkiminiň belleýşi ýaly, ýurdumyzda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, çagalygyň we eneligiň goragyna gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek, köp çagaly enelere durmuş goldawyny bermek boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, her ýylda öňdebaryjy zenanlaryň “Zenan kalby” ordeni bilen sylaglanylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adynyň dakylmagy hem berkarar Watanymyzda zenanlara goýulýan sarpanyň, maşgala gymmatlyklaryna berilýän ýokary ähmiýetiň nyşanydyr.

         Dabaranyň dowamynda gutlag sözleri bilen çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen zenanlarynyň bu gün döwlet, häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ylym we bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda önjeýli zähmet çekýändigini, telekeçilik işi bilen meşgullanýandygyny, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýandygyny, şeýlelikde ýurdumyzyň gülläp ösmegine saldamly goşant goşýandygyny hem aýratyn bellediler hem-de “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneleri tüýs ýürekden gutlap, olara iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

         Soňra toý ruhundaky sahnada ajaýyp waka mynasybetli welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary giň gerim aldy. Sahnany bezän şirin owazly, belent mukamly aýdym-sazlarda mährem enelerimiziň, bagtyýar zenanlarymyzyň waspy belentden ýetirildi.