logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /El telefonunyň çagalar üçin peýdaly we zyýanly taraplary.
  02.07.2022
2812
El telefonunyň çagalar üçin peýdaly we zyýanly taraplary.

    Peýdasy

  1. Habarlaşmak- Islendik ýagdaýda  çaganyň ýanynda el telefonunyň bolmagy ene- atalary rahatlandyrýar. Çaga islendik wagt ene- atasyna jan edip oziniň howp astyndadygyny duýduryp ýa-da şatlykly habaryny paýlaşyp bilýär.
  2. Internet- Häzirki wagtda Bütindünýä Internet Kerebi bolmasa durmuşyň manysy gyzyksyz hasaplanýar. Çagalar internedi peýdalanyp zerur bolan online maglumatlary çalt ýygnap bilýärler.
  3. Ýatlamalar- Telefonyň üsti bilen surat, wideo ýazgylaryň çekilmegi köp ýyllaryň dowamynda ýaşlykdan ýatlama hökmünde saklanyp galýar.
  4. Aň- düşünje- Çagalaryň kompýuter we telefony ýaşlykdan peýdalanmagy aň- düşünjesiniň ösmegine, dil öwrenmegine, durmuşy täzeliklerden habarly bolmagyna ýardam berýär.

Zyýany

  1. Telefon çagalaryň ýolda diňlemegi halaýan aýdym- sazlaryny eşitmek üçin bir mümkinçilikdir. Mekdebe barýan ýollarda aýdym diňlemegi howply ýagdaýlara getirip bilýär.
  2. Çaga telefonda gürleşmek islegine gözegçilik edip bilmese, jübi eje we kaka üçin goşmaça wariant bolup durýar.
  3. Telefon çaganyň hakyky aragatnaşygy üçin çäklendirme bolup durýar.Ýagny tora  girmek , kompýuter we telefon bilen aragatnaşygy çendenaşa saklamak  ýüzbe- ýüz gürleşmek we iş çözmek ukubynyň kem –kemden ýitirmegine getirýär.
  4. Bilim derejesiniň peselmegi.çaga telefona bil baglap okuwdan ünsini sowýar. Internet torunda islendik formulany we maglumaty görüp bilýär we netijede ýatmalaga bolan isleg peselýär.Ýazgylary ýatlamazlyk bolsa ýatkeşligiň peselmegine alyp gelýär.
  5. Çagalaryň telefony ýanynda alyp ýatmagy Şöhle, Leýkamiýa ýaly keselleriň döremegine sebäp bolýar.Tiz tizden baş aýlanma, ýürek bulanma ýagdaýlaryň döremegine getirýär.

 

                                       Ogujemal BATYROWA

                     Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby