Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk — bagtyň we ösüşleriň gözbaşy ✦ ✦ Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Garaşsyzlyk — Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň binýady ✦ ✦ Halk Maslahaty – halkyň belent maksadynyň beýany ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti BOMCA-10 maksatnamasynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Halk maslahaty — jebisligiň nyşany ✦ ✦ III Aziýa medeniýet festiwaly geçirildi ✦ ✦ Türkmen–Emirlik işewürler forumy geçiriler ✦ ✦ BMG-niň edaralarynyň Türkmenistan üçin 2026-2030-njy ýyllara ýurt maksatnamalary tassyklanyldy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — ähli üstünliklerimiziň özeni ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ekologiýa syýasaty – döwrüň möhüm ugry
  28.10.2022
722
Ekologiýa syýasaty – döwrüň möhüm ugry

Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary aýawly saklamak we ony rejeli peýdalanmak bilen bagly meseleler ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan möhüm ugry bolup çykyş edýär. Soňky ýyllarda biologiki köpdürlüligi, tebigy baýlyklary goramak, çölleşmä garşy göreşmek, ýaşlarda ekologiýa düşünjesini ýokarlandyrmak, şeýle hem howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň çar künjünde tokaý zolaklary, ýaşyl seýilgähler döredilýär. Şäher we obalardaky «gök zolaklar» ilatly ýerleri tozanly ýellerden goraýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda kabul edilen Milli Tokaý maksatnamasynyň çäginde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem maksatnamalaýyn tutumly işler alnyp barylýar. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, daşky gurşawyň arassalygyna gönükdirilen bu işleriň netijesinde ýaşyl bagy-bossanlyklar, ajaýyp tokaý zolaklary emele gelýär. Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäreleri bolsa ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup hyzmat edýär.

Tebigaty goramak babatda «Ösümlikleri goramak hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ozon gatlagyny goramak hakynda», «Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Alnyp barylýan ekologiýa syýasatynyň esasy maksady  –  adamyň  ýaşaýşynyň we köptaraplaýyn işiniň çeşmesi hökmünde möhüm rol oýnaýan tebigatyň  abat saklanmagyny üpjün etmekden ybarat bolup, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak ählihalk işidir. 

Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ylmy esasda ösüşine, ähli senagat kärhanalarynyň tebigat üçin zyýansyz we howpsuz täze tehnikalar hem tehnologiýalar bilen doly çalşyrylmagyna, täze gurulýan önümçilik kärhanalaryň  bolsa ekologik talaplaryň kadalaryna laýyk bolmagyna uly üns berilýär. Öňde durýan esasy wezipeler ýurduň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün edip, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan oba hojalyk we senagat önümleriň öndürilişini artdyrmakdan, tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmakdan ybaratdyr. Täze önümçilik kärhanalarynyň gurluşygy, hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemek, olary döwrebaplaşdyrmak işleri daşky gurşawa ýetirilýän zyýanyň öňüni almakda möhüm şert bolup çykyş edýär. Çünki ekologiýa abadançylygy – bagtyýar hem sagdyn ýaşaýşyň gözbaşydyr.

Älemjahan AŞYROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.