Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Daşary ýurt dilleri öwretmegiň usullary ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Warşawada maslahata gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan 2026-njy ýylda GDA-nyň başlyklygyna taýýarlanýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň sammitine gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda halkara sergi we maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasy bilen energetika we ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi ✦ ✦ Telekeçilik we şahsy ösüş barada açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa mugallymlarynyň forumynda ✦ ✦ Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Edermenlik mekdebi
  09.05.2021
533
Edermenlik mekdebi

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda her bir işde, durmuşda berkarar watanymyz üçin, halal işläp zähmet çekýän hem-de Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk görkezen edermenlerimiz birjikde gözden salynmaýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde watan ugrunda göreşen gerçeklerimize,  urşuň yzynda galyp, ýar ojagyny saklap oturan şeýle-de tylda zähmet çeken enelerimize hemişe uly sarpa goýulýar hem-de bularyň beýle gahrymançylygy hiç haçan ýatdan çykmajak şöhrata eýedir. Şeýle serpaýlara mynasyp bolan watan gerçeklerimiziň bir hem urşuň ýowuz ýyllaryny başdan geçiren gerçegimiz Muhammedow Urandyr.  Beýik Watançylyk urşunyň gahrymany Muhammedow Uran 1922-nji ýylyň 04-nji maýynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasynda eneden dogulýar. Soňra şol obada önüp-ösüp, onuň ýigitlik döwri şol ýowuz ýyllara gabat gelip, 18-19 ýaşlarynda  Beýik Watançylyk urşuna gidip, watan ugrunda janyny gaýgyrman mertlerçe söweşen gerçeklerimiziň biridir. Biz hem Uran agaň özi bilen söhbetdeş bolup, urşuň ýowuz ýyllarynda başdan geçiren pursatlary barada gyzykly gürrüňlerini diňläp şol pursatlardan başdan geçirmelerini belläp geçmegi makul bildik. Uran aga 1941-nji ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Ýalawaç obasyndan Tejen etrabynyň otly menziline alnyp barylýar. Şol ýerden hem türkmen ýigitleri bilen bilelikde  Russiýa döwletiniň Saratow oblastyna alyp gidilýär. Ganym söweşiň pajygaly pursadynda baryp ýeten ýerlerinde Saratow oblastyny etekläp oturan ýykyp-ýumurylan bir oba alynyp barylýar.  Uran aganyň gürrüňlerine görä ol ýerden hem ýigrimi gün çemesi ýol ýöräp,  türkmen we beýleki urşa gatnaşýan ýigitler bilen bilelikde bir tokaýlyga baryp ýetýärler. Şol ýerde hem dört topara bölnüp, her topary birýana alyp gidýärler. Şol toparlaryň birinde hem ýowuz külpetleri başdan geçiren Uran aga hem bardy. Ganym duşmana garşy söweşleriň ençemesini başyndan geçiren Uran aga söweşleriň birinde agyr ýaralanýar we bir aýagyna agyr şikes ýetýär. Mundan soňra bir ýaş ýigidiň kömegi bilen Uran aga şol söweş ýerindäki uruşda ýaralanan ýigitlere seredilýän saglyk öýüne getirilýär. Ondan soňra hem Russiýanyň Moskwa şäherindäki uly hassahana getirilýär. Şol ýerde hem bir ýyl töweregi saglygyny dikeldip, urşa dolanmaga synanyşýar. Ýöne onuň aýagynyň agyr ýaralanandygy sebäpli Nowysibirsk oblastyndaky hassahana ugradylýar. Şol ýerden hem 1944-nji ýylda agyr ýarasy sebäpli öz Watanyna ugradylýar. Muhammedow Uranyň görkezen gahrymançylygy hiç haçan unudylmaýar. Şu günki gün hem 99 ýaşyny dolduran Watan gerçegi aramyzda uly görelde mekdebi bolup ýaşaýar.