logo

Soňky täzelikler:
✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦ ✦ Türkiýede ahalteke bedewlerine gyzyklanma artýar ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek
  24.12.2025
651
Edebi eserlerden peýdalanyp çagalara matematiki düşünjäni öwretmek

Çagalara matematiki düşünjäni öwretmekde döredijilikli usullaryň ulanylmagy bilim bermegiň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýar. Şol usullaryň biri hem edebi eserlerden peýdalanmakdyr. Ertekiler, hekaýalar, goşgular we sanly oýunly tekstler arkaly matematika degişli düşünjeleri çagalaryň aňyna has aňsat we gyzykly görnüşde ornaşdyrmak bolýar. Edebi dil çagalarda hyýaly pikirlenmäni ösdürip, sanlary, ölçegleri we gatnaşyklary gündelik durmuş bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.


Edebi eserler matematiki düşünjeleri abstrakt ýagdaýdan çykaryp, anyk wakalaryň we keşpleriň üsti bilen düşündirmäge şert döredýär. Mysal üçin, ertekilerdäki gahrymanlaryň san boýunça tabşyryklary, ýol ölçemek, zatlary deň paýlamak ýaly ýagdaýlary matematiki pikirlenmäniň kemala gelmegine hyzmat edýär. Şeýle çemeleşme çagalarda sanlary diňe bir hasap hökmünde däl, eýsem durmuşda ulanylýan möhüm gural hökmünde kabul etmäge ýardam berýär.


Goşgular we sanly ritmler hem çagalaryň matematiki düşünjelerini berkitmekde täsirli serişdedir. Sanlar bilen baglanyşykly şygyrlar hasaplama endiklerini ösdürýär, ýat tutmagy ýeňilleşdirýär we öwreniş prosesini gyzykly oýna öwürýär. Şeýle usullar arkaly çagalar sanlaryň tertibini, goşmak-aýyrmak ýaly amallary tebigy ýagdaýda özleşdirýärler.


Edebi eserlerden peýdalanyp matematika öwretmek diňe bir bilim bermek bilen çäklenmän, çagalaryň söz baýlygyny artdyrýar, ünsüni jemlemäge we pikirini erkin beýan etmäge ýardam berýär. Bu bolsa çagalarda toplumlaýyn ösüşi üpjün edip, olaryň hem intellektual, hem döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmäge giň ýol açýar. Şeýlelikde, edebiýat bilen matematikanyň utgaşdyrylmagy häzirki zaman bilim ulgamynda möhüm pedagogik çemeleşme hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

Aýnäzik Ezizowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen
döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.