Mekdep okuwçylar ynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän «Ýaşyl ýaýla» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde çagalar yň 150-si tomus möwsümini ruhubelentlik bilen geçirýärler. Onda 7 – 14 ýaş aralyg yndak y çagalar dynç alýar. Merkezde çagalar topar ynyň dördüsi bolup, olara on iki sany pedagog mugallym gözegçilik edýär. Bu ýerde möwsümiň tapg yrlar y boýunça ýörite meýilnamalar taýýarlanyldy. Sport ýaryşlary, çeper döredijilik, aýdym-saz, asfaltda surat çekmek ýaly bäsleşiklere çagalar uly höwes bilen gatnaşýarlar, küşt, şaşka, düzzüm ýaly oýunlar bilen meşgullanýarlar. Merkezde çagalar üçin niýetlenen ýörite kitaphana hem bar. Bu ýerde çagalar edebiýatyna degişli bolan ertekiler, hekaýalar, goşgular toplumy, tapmaçalar bilen bagly kitaplar bar. Esasy bellenilmeli ýagdaý, bu ýerde gurnaklar hem döredildi, ýagny çeper eller, diller dünýäsi, suratkeşlik, ekologiýa gurnaklar y hereket edýär. Bu ýerde çagalar öz isleg bildiren gurnaklar yna gatnaşýarlar. Öz başarnyklar yny kämilleşdirýärler. Mundan başga-da, oýun we sport zallar ynda çagalar wagtlar yny şadyýan oýunlar bilen geçirýärler. Çagalar yň dynç alyş günlerini olar yň öz isleg bildiren ugurlar y, hünärleri, döredijilikleri bilen utgaşdyrmakda pedagog mugallymlar hem tagalla edýärler. Olar çagalar bilen aýratynlykda iş geçirýärler. Çagalar yň kompýuter sowatlylyg yny artdyrmakda hem yhlaslar yny gaýg yrmaýarlar. Pedagog mugallymlar Gülşat Nur yýewanyň, Mahym Gurbanowanyň, Derýa Berdiýewiň, Aýjemal Taganowanyň çagalar bilen işlemekdetejribesiniň kärdeşlerine nusgalykdyg yny aýratyn bellemeli. Hawa, tomusky dynç alyş çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýär. Şeýle eşretli günler üçin olar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Öwezdurdy MÄMMETNYÝAZOW,
Kaka etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň müdiri.