logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Düýe maly-dünýe maly
  10.09.2021
1724
Düýe maly-dünýe maly

Türkmen halky geçmişden nusgalyk ýöreleglerini, milli däp-dessurlaryny, taryhyny we medeni gymmatlylaryny ebedi saklap gelýär we häzirki döwürde hem olaryň hormatyny ýerde goýmaýar. Şeýle nugsalyk ýörelegeleriň biri-de, düýedarçylyk işidir.

Düýedarçylyk, türkmeniň iň bir gadymy we gymmatly, bahasyna ýetip bolmajak, çylşyrymly işleriň biri hasaplanylýar. Türkmeniň ata-ababalarynyň ösdürip ýetişdirin naýbaşy düýe tohumlarynyň biride, “arwana” düýesidir. Düýe maly, özüniň beden gurluşy, häsiýeti bilen beýleki haýwanlardan tapawutlanýandyr. Onuň süýdi, çaly we agarany saglygymyzy berkitmekde we kesele garşy göreşmekde giňden ulanylýar. Düýe çaly, esasan inçekesel, aşgazan keseller üçin örän peýdaly içimlik hasaplanýar. Düýe süýdini, irden aç garna 1 käse içmekligiň özi, aşgazanasty mäzleriň sowuklamagynyň öňüni alýar we iýmit siňdirijiligi hem-de bedendäki madda çalşyklygyny güýçlendirýär.

Düýe süýdünden diňe bir çal däl, eýsem doýran, sagran, süzme peýnir, gurt ýaly süýtturşy önümleri we mesge taýýarlanylýar. Olaryň hemmesi, adamyň gündelik ýaşaýşynda giňden peýdalanylýar. Düýäniň diňe bir süýdi däl, eýsem-de onuň ýüňünden alajalar, bilguşaklar örülýär, ýorganlaryň içine düýe ýüň salýarlar. Onuň derisinden edilen çaryk, gyşyna sowukdan goraýar we suw geçirmeýär, ýyly saklaýar. Düýe, ýurdumyzyň ähli künjeginde, esasan hem, giň öri meýdanly ýerlerde, çöllerde saklanylýar. Düýe maly, jöwzaly yssylara çydamaly. Ol, 10 gün ýaly suwsyz gezip bilýän jandardyr.

Düýe maly özüni gadymylygy bilen tapawutlanyp, türkmen halky ony gündelik durmuşynda peýdalanyp gelipdir. Ýagny, ýaş çatynjalaryň toýlarynda düýäni bezäp, kejebe edip, gelni şol kejebäň üstünde getiripdirler. Şeýle-de, düýe agyr ýükleri çekmekde, jykyr aýlamakda hem giňden ulanylypdyr. Adamlar düýe kerweni bilen uzak ýerlere syýahat edip, dünýä halkalary bilen uzak wagtlyk gatnaşygyny ýola goýupdyrlar.

Umuman, düýe hakynda aýdylýan zatlar köp. Ol, özüniň gudraty bilen nesillerimizden nesillerimize geçip gelýär we düýe barada birnäçe halk ertekiler, rowaýatlar hem-de nakyllar, atalar sözi häzirki döwürde hem giňden ulanylýar.