logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusy ilkinji gezek syýahata çykdy
  31.10.2022
1133
Dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusy ilkinji gezek syýahata çykdy

Dünýädäki iň uzyn ýolagçy otlusy Şweýsariýada ilkinji gezek syýahata çykdy. «Rhaetian» demir ýol kompaniýasy 1,9 kilometr uzynlygyndaky 100 wagondan ybarat otlynyň Alp daglarynyň eteginde gurlan demir ýolunda rekorda girmek üçin ilkinji gezek synag syýahatyny amala aşyrdy.

Kompaniýa bu otlynyň dünýäniň iň uzyn ýolagçy otlusydygyny habar berdi.

«Rhaetian» kompaniýasy, bu rekordyň Şweýsariýanyň demir ýol inženerçiliginde gazanan üstünligini we ýurtdaky ilkinji demirýol gurluşygyna 175 ýyllygy görkezmek üçin goýulandygyny mälim etdi.

Alp daglaryny etekläp, ajaýyp ýerleri bilen köp sanly jahankeşdäni özüne çekmek üçin gurlan Albula-Bernina demir ýoly - Birleşen Milletler Guramasynyň Ylym we Medeniýet Guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan Bütindünýä mirasynyň sanawyna 2008-nji ýylda girizildi.

Albula-Bernina syýahatçylyk demir ýoly 22 sany ötükden we 48 sany köprüden ybarat bolup durýar. 

 

Osman GAPUROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.