logo

Latest news:
✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦ ✦ TOHU-da «Güýçli brendleriň psihologiýasy» atly açyk sapak geçirildi ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» merkezinde dil gurnagy geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy ✦ ✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦
Home / Interesting /Dünýäniň iň sessiz otagy barada
  08.05.2023
1327
Dünýäniň iň sessiz otagy barada

«Ümsümlik – altyn  diýýärler welin,  ümsümligine çydamak asla mümkin däl eken.»

Hekaýa 

Günorta Mineopolisdäki Orfild barlaghanasy dünýäniň iň sessiz otagy hasaplanýar. Ol ýerde täze önümleri barlaýarlar we adamlar çalt aklyndan azaşýarlar. Onda bolmak rekordy 45 minut. Bu hekaýa barlaghanany guran adam Stiwen Orfild barada. 

«Bir gün Nýu-Ýorkyň metrosynda otyrkam özümi gözläp başladym. Daş-töwerek şeýle bir ses welin çydar ýaly däl. Bir tarapda çagalarymyň pyşyrdysy, bir wagtyň özünde dört sany otly duralga çekilýärdi, ses men üçin şeýle bir agyrdy ahyry gulaklygymy dakyndym. Gaçmak asla mümkin däldi. Şäheriň fon sesleri, beýleki hereket edýän transportlaryň sesleri juda agyrdy. Ahyry soňunda bolsa dünýäniň iň rahat, asuda ýerini tapyp şol ýerde ýaşamak kararyna geldim. 
Günorta Mineapolisde Orfild barlaghanasyny gurdum Adatdan daşary dymyşlygy gazanmak üçin galyňlygy 1 metre ýetýän  aýna  akustiki platformalar we 30 santimetr galyňlykdaky betonlary  ulandym. Hat-da ol ýerdäki poly hem aýak sesini özüne siňdirijidi.  Bu ýer Ginnesiň Rekordlar kitabyna dünýäniň iň ümsüm ýeri hökmünde girdi we 99,9 % sesi özüne siňdirýärdi.
Aneko kamerasynyň içinde uzak wagt bolmak  ýürek bulanma, howsala hüjümleri we eşidiş gaýusinasiýalaryna çenli agyr alamatlara sebäp bolup biler.
Bir skripkaçy  şol ýeriň içinde uzak wagt saklanyp bilmän birnäçe sekuntdan gapyny urup başlady, dymmak ony gorkuzdy
. Bu ýere gelenimde bir zady düşünip ýetdim: adam adaty sesi eşitmegi bes edende gorkyny başdan geçirip biler. Şonuň üçin hem duýgulardan mahrum bolmak hem gynanmalaryň bir görnüşi hasap edilýär. Men birnäçe minut  şol jaýda saklandym. Ol ýerde birnäçe wagtdan soň ýüregimiň gaharly urşuny ganymyň damaryndan akýan seslerini, kapilýarjyklaryň diwarlaryndaky urgulary eşitdim.
Men dünýäde rahatlyk gözleýärdim. Şol jaýdan daşaryk çykanymdan soň men rahatlygy ýokary derejede duýdum. Bir zada düşünip ýetdim: «Ümsümlik – altyn» diýýärler welin, ümsümlige çydamak asla mümkin däl eken.» 

 

Şirin ORAZOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.