Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Dünýäniň gadymy siwilizasiýasy
  14.12.2024
133
Dünýäniň gadymy siwilizasiýasy

Taryhdan belli bolşy ýaly, grek çeşmelerinde «Margiana», gadymy pars ýazgylarynda «Marguş», «Awesta» kitabynda bolsa «Mouru», orta asyrlarda «Horasan şäherleriniň enesi» ady bilen tanalýan Merw dünýäniň gadymy medeniýet ojaklarynyň biri hasaplanýar. Ol Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolupdyr.

 

Şäheriň 2500 ýyllyk taryhy bar. Dünýäniň köp ýurtlaryna syýahat eden IX asyryň meşhur arap taryhçysy we geografy al-Ýakub «Ýurtlar hakynda kitap» atly işinde Merwiň Horasanda iň meşhur şäherdigi barada ýazýar.

 

Ýeri gelende bellesek, şäheriň gülläp-ösen döwri XI-XII asyrlara degişlidir. Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala ýaly galalaryň hersiniň arkasynda hanlaryň şöhratly taryhy ýatyr. Häzirki döwürde ol ýerler dünýäniň arheologlary üçin hakyky hazynadyr. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak bu ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşuldy.

 

Merw käwagtlar uly imperiýalaryň paýtagty, käwagtlar söwda, harby we administratiw merkez bolupdyr. Ol Seljuklar döwründe dünýädäki iň uly şäherleriň hataryna goşulýar. Arheologiki taýdan Merw dünýäniň iň uly we iň gymmatly ýadygärlikleriniň biri hasaplanýar.

 

Merwiň meşhur kitaphanalary hem dünýä alymlaryny özüne çekipdir. IX asyryň aýaklarynda we X asyryň başlarynda halyf Harun ar-Reşidiň özi dünýäde seýrek duş gelýän kitaplary okamak üçin Merwe birnäçe gezek gelipdir. Merwiň orta asyrlar döwrüniň kitaphanalary ylmyň-bilmiň ösmegine uly itergi beren ylmy ojaklar bolupdyrlar. Şol bir wagtyň özünde olar türkmen ylmynyň, medeniýetiniň we sungatynyň hem naýbaşy sahypalaryny emele getirýärler.

 

Oguljeren NURGELDIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby.