Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Şygryýet /Dünýäni söýenler dünýäden gitmez...
  01.03.2023
905
Dünýäni söýenler dünýäden gitmez...

Ynha, ynsan kalbyny heýjana salýan ýaz pasly hem geldi. Aslynda, ýaz paslyny Gurbannazar şahyry ýatlaman garşylamak mümkin däl. Sebäbi ol, hut ýaz paslynyň ilkinji güni dünýä inipdi.

Gurbannazar Ezizowyň gülşen şygryýeti edebiýat bossanynda aýratyn şöhle saçyp dur. Çünki şahyryň her bir setirinde janlylyk bar, täzeleniş bar, ynsanyýete, külli barlyga bolan bimöçber söýgi bar. 

Bilýän, ýyl dolanyp, asyrlar geçer,
Bulutlar göçerler, çöller-de göçer,
Şonda damja dönsem, bolar bir kärim,
Men mydama teşneleri gözlärin


Eger baga dönsem, bolar bir kärim,
Men ynsana saýa salmak islärin —
 

diýen setirlerinde şahyryň adamlara, tebigata bolan çäksiz söýgüsini duýmak bolýar.

Şahyryň ynsanlara, tebigata bolan söýgüsi Watana bolan söýgüsinden gözbaş alyp gaýdýar. Onuň ene toprak, ata Watan bilen bagry badaşan. Mähre, söýgä ýugrulan jümleler ynsan kalbyna ýakyn duýulýar. Şonuň üçin hem, şahyryň Watana, il-güne söýgi bilen alawlaýan ýüreginiň setirlerini tolgunman okamak mümkin däl.

Şahyryň dünýä bolan söýgä baý şygyrlaryny okanyňda, şahyr Gara Seýitliýewiň «Dünýäni söýenler dünýäden gitmez...» diýen setirleri biygtyýar ýadyňa düşýär. Hakykatdan hem, bu dünýä aşyk, iliniň-gününiň derdine ýanýan ynsanlaryň ady ýürekleriň töründen orun alýar, olaryň sarpasy nesilden-nesle ýetirilýär.

Ynha, ýene-de bagtyýar Watanymyza «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda beýik ussadyň «durna jümjümeli» ýazlary sülmüräp geldi. Ýöne şahyryň söýüp-söýgülän ene topragyň her parçasynda onuň ýoklugy duýlup dur. Onsoň biygtyýar şeýle setirler seriňe dolýar: 

Ussadym, sen bu dünýäden ir gitdiň,
Şygrystanyň gujagyndan sogrulyp.
Ondan bäri ençe gezek durnalar,
Watanyna gaýdyp geldi öwrülip.

Dideleriň reňki siňen päk Asman
Seni ýatlap, ah çekýär nowbaharda.
Ençe ýyldyr ýalňyz özi örleýär,
Ajap waspyn senden eşden säher-de.

Ilki waspyn senden eşden şäher-de,
Göýä boýny buruk, egni-de gysyk.
Juwan balasyny ýitiren sähra
Hiňlenýär öz-özi, içini egsip.

Sary ýapraklara mähriň siňipdir,
Olar özün sensiz duýýarlar ýalňyz.
Sensiz ençe gezek aglap-diňipdi,
Öňdenem gussasy ýetik tylla güýz.

Öz halkyňa goýduň bahasyz serpaý,
Eý, ýazyň perzendi, güýzüň şahyry!
Ähli ýüreklerde ýaşaýaň, çünki,
Eserleriň ölmez-ýitmez ahyry!
 

Hawa, ylahy söýgüsinden kemal tapan şahyr öz halkyna müň röwüşli şygryýeti bilen taýsyz serpaý ýapdy. Onuň mähriban ady şol serpaýa eýe bolan türkmen halkynyň kalbynda müdimilik ýaşar!

 

Ýazgül BEŞEROWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň mugallymy.