Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Süýjüli diabet keseliniň patogenezi ✦ ✦ Paýtagtymyzyň asma ýolunda abatlaýyş İşleri geçiriler ✦ ✦ "Hakyda göwheri" - Dünýä paýhas bilen aýlanýar, zehin bilen nurlanýar ✦ ✦ Жаутыковская олимпиада: Успех туркменской молодежи ✦ ✦ Žautykow Olimpiadasy: Türkmen ýaşlarynyň üstünligi ✦ ✦ Halkara saglygy goraýyş ulgamynda Telemedisinanyň ähmiýeti ✦ ✦ Saglyk ulgamynyň ösmeginde tehnologiýanyň orny ✦ ✦ Parahatçylyk we ynanyşmak — dünýäniň abadançylygynyň we adamzadyň ösüşiniň esasy ýörelgeleridir ✦ ✦ “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ähliumumy parahatçylygyň gözbaşy ✦ ✦ Tebigat şypaly baýlyklaryň çeşmesi ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Dünýäde iň uly altyn kän Hytaýda tapyldy
  05.12.2024
189
Dünýäde iň uly altyn kän Hytaýda tapyldy

Hytaýyň merkezindäki Hunan welaýatynda möçberi müň tonna töweregi bolan ýokary hilli altyn käni ýüze çykaryldy. Hünärmenleriň çaklamalaryna görä, bu käniň ortaça bahasy 83 milliard dollardan gowrakdyr.

 

Geologiýa hünärmenleri tarapyndan berlen bu baha, känleriň şu wagta çenli tapylan iň uly we iň gymmatly hazynalaryň biri hökmünde baha berilmegine esas döredýär.

 

Kän Hunan welaýatynda ýerleşýär we iki kilometre çenli çuňlukda 40 sany altyn ýolunyň bardygy kesgitlenildi. 3D modelleme tehnologiýasy bolsa bu ýerde goşmaça altyn ätiýaçlyklarynyň hem tapylmagynyň mümkinçidigini görkezýär.

 

Känleriň her bir tonna magdanynda ortaça 138 gram altyn bardyr. Bu görkeziji, adaty standartlardan ep-esli ýokarydyr. Hünärmenleriň düşündirmegine görä, her tonna magdanda sekiz gramdan gowrak altyn bolan halatynda magdan ýokary hilli hasap edilýär.


Dilber Rahmedowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.