logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Interesting /Dünýädäki iň uly uçar ýene howa giňişligine çykdy
  16.05.2022
1261
Dünýädäki iň uly uçar ýene howa giňişligine çykdy

Stratolaunch” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen, ganaty 117 metr bolan 226 tonnalyk “Roc” atly uçar 2019-njy ýylda Kaliforniýanyň Mojave howa menzilinden ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. Şondan bäri 4 gezek synag üçin uçan uçaryň bäşinji uçuşy ýakynda amala aşyryldy. Mojave çölünde geçirilen uçuş synagynda bu uçar 6,858 metr belentlige çykdy we 5 sagat töweregi uçuşdan soň üstünlikli gonmagy başardy.

“Stratolaunch” kompaniýasy esasan, planetanyň daşyndan orbitasyna çykmak üçin uçarlary öndürýär. “Roc” atly äpet uçar alty sany Boeing 747 hereketlendirijisinden zerur güýji alýar. Ganatlary futbol meýdançasynyň ululygyndan has uly bolan äpet uçaryň, göterijilik ukyby takmynan 250 tonna barabardyr. Bu uçar kosmos gözleglerinde işleri juda ýeňilleşdirýär.

 “Stratolaunch” kompaniýasy häzirki wagtda “Roc” bilen birlikde “Talon-A” atly has äpet uçaryň üstünde işleýär. Ganaty 3,4 metr, uzynlygy 28 metr boljakdygy aýdylýan “Talon-A” uçary 2022-nji ýylda ilkinji gezek synag uçuşyny amala aşyrar.

“Stratolaunch” kompaniýasynyň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, üstünde işlenilýän äpet uçarlar geljekde Ýeriň orbitasyna materiallary we ýolagçylary daşamak üçin ulanylar.

Ahmet TAGANOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.