logo

Latest news:
✦ Türkmen ilçisi Gazagystanyň Atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti bilen duşuşdy ✦ ✦ Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk meýdançasy ✦ ✦ Sebit ähmiýetli şäher ✦ ✦ Ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk ✦ ✦ Türkmen türgenleri ýylyň ilkinji alty aýynda 415 medala mynasyp boldular ✦ ✦ Döredijilik dünýäsine syýahat ✦ ✦ Türkmen-amerikan hyzmatdaşlygy işjeň häsiýetde ✦ ✦ Okuwa kabul etmegiň täze meýilnamasy we tertibi tassyklanyldy ✦ ✦ Şweýsariýanyň wekilleri Döwlet energetika institutynda boldular ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦
Home / Technology /Dünýädäki iň uly teleskopyň gurluşygy başlady
  05.12.2022
1419
Dünýädäki iň uly teleskopyň gurluşygy başlady

XXI asyryň ajaýyp ylmy taslamalarynyň biri bolan «The Square Kilometre Array» (SKA) ýagny iň uly radio teleskopynyň gurluşygy başlady. Teleskop 2028-nji ýylda gurlup doly tamamlananda dünýädäki iň uly radio teleskop bolar.

Günorta Afrikanyň we Awstraliýanyň arasynda bölünen, emma merkezi Angliýada ýerleşýän desga astrofizikadaky iň uly soraglary çözmäge ýardam berer. Teleskop Eýnşteýniň teoriýalarynyň iň duýgur synaglaryny geçirer we hatda başga planetalylary hem gözlär.

Taslama ýolbaşçylyk edýän sekiz ýurduň wekiliýetleri Günbatar Awstraliýadaky Murchison Shire we Günorta Afrikanyň demirgazygyndaky Karoo-daky açylyş dabaralaryna gatnaşdylar. Dabara gutaransoň, teleskopyň resmi taýdan gurluşyk işine başlanyldy.

Teleskopyň başlangyç arhitekturasyna görä, bu ýerde 200-e golaý parabolik antenna we 131 müň dipol antenna bolar. Esasy maksat bolsa ýüzlerçe müň inedördül metrde täsirli maglumat meýdançasyny döretmekden ybaratdyr.

SKA-nyň gurluşygy tamamlanylanda asman jisimleri bilen baglanyşykly deňsiz-taýsyz takyklyk we çözgüt bilen üpjün eder. Ulgam takmynan 50 megahertz-den 25 gigahertz aralygynda işlär. Tolkun uzynlygy nukdaýnazaryndan santimetrden we metr aralygynda bolar.

SKA-nyň esasy wezipesi älemdäki iň köp element bolan wodorodyň tutuş taryhyny yzarlamak bolar. Teleskop astronomiýanyň köp ugurlaryna goşant goşar. 

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.