logo

Latest news:
✦ Saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy ✦ ✦ Demokratiýa we aýanlyk — Türkmenistanyň saýlaw ulgamynyň binýatlyk esaslary ✦ ✦ Bagşy Döwletgeldi Ökdirow ✦ ✦ Seulda Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Buharestde ýylyň şygaryna bagyşlanan tegelek stol geçirildi ✦ ✦ TDYDI-de Startup bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Telekeçilik — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Ýaş telekeçiler ýurduň innowasion geljegi ✦ ✦ «Türk­me­nis­tan — Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi» işe­wür­lik mas­la­ha­ty geçirildi ✦ ✦ Türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiligi artýar ✦
Home / Interesting /Dünýä ummanlary barada gyzykly maglumatlar
  17.05.2022
2536
Dünýä ummanlary barada gyzykly maglumatlar

Köp janly görnüşler üçin ýaşaýyş üçin esasy ýer bolup hyzmat edýän uly we çuň ummanlar syrlardan doly. Ummanlar taryhy döwürlerden bäri adamzadyň ünsüni özüne çekip gelýär. Hat-da ummanlaryň täsir galdyryjy we syrly gurluşy, dünýä belli alymlary hem oýa batyryp gelýär. Ummanlar hakda henizem jogapsyz soraglar örän kän.

Ummanlar baradaky käbir gyzykly maglumatlar:

- Ýagtylyk diňe ummanyň üstünden 200 metr çuňluga düşüp biler. Ummanlarda 200 metrden aşakda garaňkylyk höküm sürýär;

- Ummanlaryň 95%-i entek doly açylmadyk. Gözleg yzygiderli dowam etse-de, ululyklary sebäpli ummanlaryň diňe 5%-i doly öwrenildi;

- Ummanlarda gözlegleri kynlaşdyrýan iň möhüm faktorlaryň biri, suwuň basyşydyr. Sebäbi soňky tehnologiýalar hem birnäçe kilometr çuňlukdan soň öz işini bes edýär;

- Ummanlar janly bakteriýalardan doly. Köpüsi zyýansyz. Ýöne ummanda adamlara zyýanly bakteriýalar we wiruslar has köp;

- Gynansagam, ummanlarda millionlarça tonna zibil we galyndy bar.  Aslynda zyýanly bakteriýalaryň köpelmegine şu hapalar we galyndylar sebäp bolýar;

- Ummanlar görnüşi ýaly asuda däl. Munuň tersine, olaryň gorkunç sesleri bar. Näçe çuňluga gitseň, sesler şonça-da gaty eşidilýär;

- Ummanlarda 20 million tonnadan gowrak altyn bar;

- Ummanlar alýan kislorodymyzyň takmynan 70% -ini öndürýär.

Begençmyrat PÄLWANOW,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.