logo

Latest news:
✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň sessiýasyna gatnaşýar ✦ ✦ «Merkezi Aziýa – Russiýa» formatynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi ✦ ✦ GDA-nyň DIM-niň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berildi ✦
Home / Agriculture /Döwrebap ýyladyşhanalar – bolçulygyň çeşmesi
  25.11.2022
1021
Döwrebap ýyladyşhanalar – bolçulygyň çeşmesi

Her bir güni ösüşler bilen rowaçlanýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm çözgütler kabul edilýär. Azyk howpsuzlygy ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuşy üçin wajyp çeşme bolup, sagdyn durmuş üçin zerur bolan mümkinçilikleri açýar. Döwletimiziň azyk bolçulygyny berkitmek babatda alyp barýan işleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan getirilýän önümleriň mukdaryny azaldyp, ýurdumyzda ýylyň islendik paslynda gök önümleri almaga ýardam edýän döwrebap ýyladyşhana toplumlaryny gurmaklyga esaslanýar.

Oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan adyl döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde agrosenagat toplumyna iri maýa goýumlaryny giňden çekip, pudagyň dürli ugurlary tehniki taýdan enjamlaşdyrylýar. Diýarymyzda ýer-suw we beýleki tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylymlarynyň, seçgiçiligiň we tohumçylygyň ösdürilmegine, önümçilige innowasion tehnologiýanyň, öňdebaryjy bazar usullarynyň ornaşdyrylmagyna, bu pudakda özgertmeleri durmuşa geçirmäge telekeçileriň giňden çekilmegine, ýokary hünärli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, oba ilatynyň ýaşaýşyny has-da gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Sahawatly türkmen topragy güneşiň şuglasyndan nurlanyp, bol hasyly eçilýär. Ýurdumyzyň çar künjünde gurlup ulanylmaga berilýän döwrebap iri ýyladyşhanalar miwedir gök önümleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmek bilen azyk bolçulygynyň berkidilmegine özboluşly goşant goşýar. Ýyladyşhanalarda ýetişdirilýän burç, pomidor, ýer tudana ýaly miwedir gök önümler saçaklarymyzyň bereketidir. Ata Watanymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň birine öwürmek, oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek, önümleriň bolçulygyny üpjün edip, ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny berkitmek boýunça öňümizde uly wezipeler durýar, bu wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmek her bir watandaşlarymyzyň raýatlyk borjumyzdyr.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösüşli menziller bilen öňe ilerlemegi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy babatda ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!  

 

Muhammet BATYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.