logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Döwrebap ylym-bilim - bagtyýarlygyň çyragy
  13.06.2022
1465
Döwrebap ylym-bilim - bagtyýarlygyň çyragy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda bilim ulgamy hem döwrebap derejede ösdürilýär. Bilim edaralarynda döwrebap innowasiýalara daýanýan sanly ulgama geçmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen okuw meýilnamalarynyň mazmuny baýlaşdyrylýar, okatmagyň usuly kämilleşdirilýär.

«Türkmenistany 2022–— 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» «Türkmenistanyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary» atly 14-nji babynda ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmegiň geljekki menzilleri barada bellenilýär. Bu bapda milli bilim ulgamyny ösdürmegiň çäklerinde bilimde, ylymda we tehnikada gazanylan oňyn netijelere esaslanyp, milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ylymly, bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işlerini amala aşyrmagyň ugurlary bellenilýär. 

Kämil ylym-bilim islendik jemgyýetiň ösüşiniň özenidir. Hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ze­hin­li ýaş­la­ry Di­ýa­ry­myz­da giň ge­ri­me eýe bo­lan be­ýik ösüş­le­re go­şul­mak bi­len yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň tä­ze üs­tün­lik­le­re ro­waç­lan­ma­gy­na uly go­şant goş­ýar­lar. Bu bol­sa ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da ylym-bi­li­miň tut­ýan or­nu­nyň ýo­ka­ry de­re­je­de­di­gi­ne şa­ýat­lyk ed­ýär.

Bagtyýar zamanada, ylyma-bilime giň mümkinçilikleri döredip beren hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan il-ýurt bäh­bit­li be­ýik iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin!

Nurmuhammet MÄMEDOW,

Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabyndaky
12-nji orta mekdebiň mugallymy