Ata-babalarymyzyň türkmen topragynda ösdürip ýetişdiren şirinden-şeker nygmatly gawunyň adam saglygyna peýdaly taraplary örän köpdür. Halk arasynda gawuna behişdi nygmat diýilmegi ýöne ýerden däl. Gawunyň bejeriş häsiýetleri köp taraplaýyn bolup, ol adam bedeniniň bökdençsiz işlemegine belli bir derejede täsir edýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, gawunyň 100 gramynda 30 – 38 kilokaloriýa saklanýar. Munuň özi onuň berhizlik häsiýetiniň bardygyna şaýatlyk edýär. Kaloriýanyň saklanyşy gawunyň hiline we görnüşine bagly bolýar. Düzüminde köp sanly ýokumly, mikroelementler we peýdaly fermentler saklanýar.
Gawunyň etinde saklanýan ýokumlaryň çig süýdüň düzüminde saklanýanyndan 17 esse ýokarydygy bellenilýär. Gawunyň çigidi juda peýdaly. Ony köplenç guradyp ulanýarlar. Bu behişdi nygmatyň şypa berijilik häsiýetleri uzak wagtlardan bäri hemmämize mälimdir. Gawundan taýýarlanýan kakyň adam saglygy üçin peýdaly taraplaryny bilmek zerurdyr. Gawun kaky beden synalaryny zyýanly maddalardan arassalaýar, işini kadalaşdyrýar, saçyň ýagyny gowulandyrýar. Ol bedeniň nerw ulgamyny hem sagdynlaşdyrýar. Kakyň düzüminde ukusyzlykdan, nerw dartgynlygyndan, syna gowşaklygyndan saplaýan ferment, şeýle hem deriniň, saçyň, dyrnagyň ýagdaýyny gowylaşdyrýan maddalar köpdür. Gawun kakyndan bar bolan iýmit süýümleri adamyň içege ýollaryny arassalamak arkaly, aşgazan-içege ýollaryny sagdynlaşdyrýar. Şonuň ýaly-da, gawun kaky böwrekde döreýän sowuklama, ganazlyk, guragyry kesellerini bejermekde giňden peýdalanylýar. Kak nerw ulgamyny rahatlandyrýar, adamyň işe ukyplylygyny ep-esli ýokarlandyrýar.