Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Derde melhem tebigat
  29.10.2021
389
Derde melhem tebigat

Türkmen topragy tebigy baýlyklara örän baýdyr. Şonuň bilen bilelikde ýurdumyzyň ösümlik dünýäsi ünsi aýratyn özüne çekýär. Biziň çölümizde sähramyzda dürli ot çöpler näçe diýseň bar. Bu bolsa maldarçylygy ösdürmäge-de amatly şertleri döretýär. Derýalarymyzyň jülgelerinde hem, daglarymyzda hem köp sanly täsin we peýdaly ösümlikler ösýär. Müň ýyllyklaryň dowamynda adamlar Zeminiň bu baýlyklaryny diňe bir iýmit däl-de, eýsem ot-çöpleriň we miweleriň köp görnüşlerini derman hökmünde hem ulanypdyrlar.

Parasatly ata-babalarymyzdan dertlere garşy netijeli ulanylan, şypa beriji dürli melhem otlar hem bize miras galdy. Häzir lukmançylyk ylmy bolsa bu ösümlikleriň birwagtlar ýönekeý usullarda anyklanan gymmatly häsiýetleriniň bardygyny tassyklaýar. Diňe tassyklamak hem däl, olary öwrenmek we netijeli ulanmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Bakja ekinlerine degişli bolan ysmanagyň bir ýyllyk we iki ýyllyk  görnüşleri bar. Boýy 25-50 sm aralygynda bolýan bu ot dünýäniň ähli halklarynyň aşhanasynda giňden peýdalanylýar. Gyş aýlarynda ösdürilýän ysmanagyň ýapraklary has iri we tomus aýlaryndakydan tapawutlylykda  goýy ýaşyl reňkde bolýar.Ysmanagyň düzüminde demir, kalsiý, magniý, we A, Ç, E witaminleri köp mukdarda saklanýar. Ýurdumyzyň tebigy şertlerinde ýetişýän ysmanak tohum arkaly hem köpeldilýär. Dürli minerallara baý bolan soň ysmanak irki döwürlerden bäri iýmit hem-de halk lukmançylygynda giňden peýdalanylýar.

Mundan başgada täsin dermanlyk ösümlikleriniň biri zeýtun ýagydyr.Zeýtun ýagynyň bejergi häsiýetlerine baha bermek kyndyr. Ýöne ýerden gadymy grekler oňa ömrüň, saglygyň we sagdynlygyň agajy diýmändirler. Zeýtun ýagynyň häzirki döwür adama we onuň saglygyna nähili peýdasy barka?

Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetlerini ir döwürlerden bäri saglyk bilen deň derejede gözellik üçin hem ulanylýan eken.

Zeýtun ýagynyň bejergi üçin ähmiýeti örän ýokary bolansoň, ol saglyk üçin iň gymmatly  dermanlyk ösümlikleriniň biri hasaplanylýar. Bu iýmit önümi-holesteriniň derjesini peseltmek boýunça rekordsmen hasaplanýar. Diýmek, ateresklerozyň, ýürek-damar keselleriniň , diabetiň, Alsgeýmeriň keseliniň we şoňa meňzeş näsaglyklaryň öňüni almakda has köp ulanylýar. Zeýtun ýagynyň ýene-de bir bejergi häsiýeti, onuň sowuklamany öňüni alyş güýjüdir, we organizmde bolup biläýjek islendik sowuklamanyň gripden, anginadan kesellerini öňüni almakda ulanylýar.

Mundan başga-da üzärlik türkmençilikde köp ulanylýan dermanlyk ösümlikleriniň biridir. “Üzärlik müň derdiň dermany” diýlişi ýaly ony dürli kesellerde melhem hökmünde ulanýarlar.Üzärligiň tohumyndan taýýarlanylan melhem esasanam demgysma we böwrek kesellerinde peýdalanylýar. Halk lukmançylygynda üzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanylan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma keselinde ulanylýar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär. Merkezi aziýanyň halklary bu ösümlikden taýýarlanylan jöwheri diş eti agyranda agzy çaýkamak arkaly peýdalanýarlar.Owganystanda üzärligiň tüssesi ysmaz kesellerini bejermekde peýdalanýarlar. Üzärligiň düzüminde adamyň bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler marganes, alýuminiý, nikel, ýaly mikroelementler saklanýar. Bu ösümlik merkezi we çetgi nerw ulgamynyň kesellerinde bogunlardaky gury agyryda dürli ýokançlarda, deri örtüginiň kesellerinde, we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdalanylýar.Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekili ýerleşdirilendir. Bu tötänden däl. Üzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylygynda keselleriň 50-den gowuragynyň garşysyna ulanylýar.

Saglyk ulgamynda şeýle mümkinçilikleri döredip berýän, jemgyýetde sagdyn durmuşy kemala getirmekde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly-uly aladalar edilýär.Bizi şeýle eşretli zamanada we sagdyn durmuşda ýaşatýandygy üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyzyň çägi ýok. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, başy dik bolsun, umumy adamzat we döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!