logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Society /Demokratik özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär
  18.01.2023
920
Demokratik özgertmeleriň ähmiýeti dogrusynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi tarapyndan şu günler giň gerimde ýaýbaňlandyrylan wagyz-nesihat çärelerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň taryhy ähmiýeti dogrusynda gürrüň edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda 11-nji ýanwarda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahaty taryhy özgertmeleriň ýolunda möhüm ähmiýetli waka boldy. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna — Esasy Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň uly ähmiýeti bardyr.

Welaýatymyzyň çäginde raýatlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň barşynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda» Permanyndan gelip çykýan wezipeler barada, şeýle hem 21-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde boljak möhüm çäräniň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçilýär. Bu ugurdaky tagallalar Watanymyzy has-da gülledip ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak hakdaky döwletli işlerden gözbaş alýar.