logo

Latest news:
✦ Döwletli geňeşe barýarys ✦ ✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦
Home / Health /Daşoguzda şäherinde köpugurly hassahananyň açylyşy dabarasy boldy
  27.05.2022
1606
Daşoguzda şäherinde köpugurly hassahananyň açylyşy dabarasy boldy

Şu gün Daşoguz şäherinde täze lukmançylyk merkezleriniň ikisi — 450 orunlyk köpugurly hassahana hem-de 150 orunlyk onkologiýa hassahanasy açylyp ulanmaga berildi. Olaryň açylyş dabaralaryna Daşoguz welaýatynda ilkinji gezek toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiz täze lukmançylyk desgasynyň açylmagy mynasybetli dabara gatnaşyjylaryň öňünde söz sözläp, hassahananyň aýratynlyklary we ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin döredilen şertler barada durup geçdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahananyň mümkinçilikleri bilen tanyşdy.

Täze lukmançylyk merkezi Daşoguz welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda «Ajaýyp-gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilip, 7 bölekden, 4 gatly bejeriş bölümli binalar toplumyndan, gaýragoýulmasyz «Tiz kömek», anesteziologiýa we reanimasiýa, operasion we laborator-anyklaýyş, maslahat beriş bölümlerinden, hojalyk hem-de tehniki binalardan ybaratdyr. Köpugurly saglygy goraýyş desgasynda merkezi kabul ediş, maslahat beriş we anyklaýyş, endoskopiýa, şöhle bilen anyklaýyş, fizioterapiýa, rewmokardiologiýa, torakal, endowaskulýar hirurgiýa, infarkt, umumy kardiologiýa, nefrologiýa, toksikologiýa we gemodializ, umumy hirurgiýa, umumy newrologiýa, iriňli hirurgiýa we ýanyk keselli näsaglar, trawmatologiýa we ortopediýa, neýrohirurgiýa, otorinolaringologiýa keselleri, urologiýa, anesteziologiýa we intensiw bejeriş, arterial gipertoniýa, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle-beýni gan aýlanyş, endokrinologiýa, endokrin hirurgiýa ýaly bölümleriň 32-si hereket eder.