logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Daşly-depe ýadygärligi
  31.01.2022
821
Daşly-depe ýadygärligi

Daşly-depe ýadygärligi b.e.ö. V müňýyllygyň, ortasy IV müňýyllygyň soňy b.e.ö. IX-V asyrla degişli bolup, birnäçe alymlar tarapyndan gazuw barlag işleri geçirildi. Ýadygärlik böleklenip gaty çöken (130x75) sudury bildirip duran, ýapylary bildirýän ýapgyt depedir. Depäniň beýikligi 3m (has belent ýeri -3,5 m). Depäniň demirgazyk bölegi beýgelip durýar. Onuň üstüniň ölçegi 30x20 m deň. Depäniň demirgazyk-gündogar böleginde çukur bar. Häzirki wagta çenli Daşly-depe ýadygärliginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriň dowamynda tapylan tapyndylar onuň örän gadymydygyny tassyklaýar. Alymlaryň ylmy barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň esasyndaky çaklamalaryna görä, Daşly-depepäniň ýokarky 2 m gatlagy bürinç eýýamyna ýagny b.e. öňki 3-2 müňýyllyklara degişli diýlip çaklanýar. Onuň aşagyndaky 2 m bilen 3,3 m aralykdaky gatlak mis-daş- eneolit döwrüne, ýagny b.e.ö. V-IV müňýyllyklara degişli diýlip maglumat berilýär. Ondan aşaky gatlakdan (3,5-4,8m) tapylýan tapyndylar täze daş-neolit eýýamynyň soňky, enolit eýýamynyň başlary bilen senelenýär. Bu bolsa alymlaryň barlaglarynyň netijesinde Daşly-depede häzirki wagta çenli ýeten derejesinde b.e.ö VI-V müň ýyllyklarda ýaşaýyşyň bolandygy güwä geçilýär. Bu tapyndylaryň ählsiniň sebitdäki döwürdeş ýadygärliklerde geçirlen gazuw agtaryş işleriniň netijesinde tapylan tapyndylar bilen deňeşdirip öwrenilmäge ahmiýetli bolup, sebäbi bu ýerler diňe bir Türkmenistanyň taryhynda däl, eýsem dünýä taryhynda tutuş Merkezi Aziýa boýunça ilkinji oturumly ekerançy, maldarlaryň kemala gelen merkezi hasaplanylýar. Daşly-depedepäniň töweregindäki ýadygärliklerden Çopandepe hem-de Pessejikdepe ýadygärlikleri şeýle häsiýete eýedir.