logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Dabaraly maslahat geçirildi
  01.02.2023
1041
Dabaraly maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde geçirilen dabaraly maslahat «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly — galkynyşa ganat berýän güýç» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata bilim işgärleri, mekdep okuwçylary hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmeginiň şanyna geçirilen dabaraly maslahatda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän alada, jemgyýetimizde ýaşlaryň orny hakda söz açyldy. Ýaşlar forumynyň taryhy ähmiýeti dogrusyndaky çykyşlar dabaralary maslahatyň täsirliligini artdyrdy. Çykyşlarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň nobatdaky gurultaýynyň ýaşlar üçin täze gözýetimlere ýol açandygy, olary halal we päk zähmete ruhlandyrandygy aýratyn bellenip geçildi.

Buýsançly çykyşlara beslenen maslahata gatnaşyjylar ajaýyp döwri peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.