logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÇUŇ MANY-MAZMUNA ÝUGRULAN KITAP
  18.05.2022
943
ÇUŇ MANY-MAZMUNA ÝUGRULAN KITAP

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň önümi bolan “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy täze döwrümiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň taryhy wakalarynyň üstüni ýetirdi. Gahryman Arkadagymyzyň täze eseri hem edil beýleki kitaplary ýaly çuňňur many-mazmuna eýe bolup, halkymyza bahasyna ýetip bolmajak görelde mekdebidir.

Kitabyň «Ýaşaýyş medeniýeti», «Ynanç hakynda söz», «Müňýyllyklaryň jümmüşinden gaýdýan ýol-ýörelge», «Gadymyýete nazar», «Mukaddes Mekge-Medinä zyýarat», «Milletiň ruhy-ahlak mekdebi» atly bölümlerinde mukaddes Garaşsyzlygymyz, hemişelik Bitaraplygymyz, medeniýetimiz, watansöýüjilik, parahatçylyk, dost-doganlyk, ynsanperwerlik, milli garaýyşlar, däp-dessurlar, döwletlilik, adalatlylyk, milli demokratiýa we diplomatiýa, halkymyzyň asly, taryhy, ynanjy, ruhy-ahlagy, mertligi, ýaşlary terbiýelemegiň milli ýörelgeleri hem-de berkarar döwletimiziň dünýädäki abraýy we geljekde ýetilmeli sepgitler doly açylyp görkezilýär.

Diňe bir ýurdumyzyň ilaty üçin däl, eýsem, halkymyzyň şöhratly geçmiş taryhy, bagtyýar şu güni bilen içgin gyzyklanýan daşary ýurtly okyjylar üçin-de gymmatly gollanma bolup hyzmat etjek taryhy-filosofik kitapda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ýeten belent derejeleri, ata Watanymyzyň iňňän gadymy taryhy, ony öz beýik işleri bilen şöhratlandyran şahsyýetler, halkymyzyň ýaşaýyş medeniýeti, jemgyýetimiziň ahlak hem durmuş ýörelgeleri inçelik bilen yzarlanýar, geçmişiň, şu günüň, geljegiň baglanyşygy ussatlyk bilen açylyp görkezilýär.

Perdegül DURDYBAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.