logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çil käkilik
  10.10.2021
1229
Çil käkilik

Guşlaryň täsin gözelligi gadymy döwürlerden bäri adamlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. Dünýäniň köp halklarynyň milli döredijiliginde we ruhy garaýyşlarynda guşlar wajyp orny eýeläpdir. Tebigatda we adamyň ýaşaýşynda-da guşlaryň ähmiýeti uludyr. Olar ösümlikleriň güllerini tozanlandyrýarlar, tohumlaryny ýaýradýarlar. Ösümlikleriň köpelmegine, ýaýramagyna sebäp bolýarlar. Şeýle guşlaryň biri-de çil käkilikdir. Çil käkilik Köpetdagda, şeýle hem Köýtendagyň hemme ýerinde duşýar. Ol maral käkilikden kiçi, bedeneden ulurakdyr. Reňki çalymtyl – “çöl reňkli” bolup, horazynyň arkasy çyparrak gülgünedir. Çil käkilikler beýleki käkiliklerden kiçidigi, aýaklarynyň, çüňküniň agymtyldygy, bokurdagynda ak tegmiliň ýokdugy bilen tapawutlanýar.

         Çil käkilikler oturymly guşlardyr. Olar dag eteklerinde we dagyň aşaky gerişlerinde ýaşaýarlar. Ýarymçöllük we sähralaşan ýerleri halaýarlar. Olar aprel aýynyň ahyryndan maý aýynyň aýagyna çenli ýumurtgalaýarlar. Höwürtgelerini örän gizlin ýerde, içine sähelçe ösümlik sypallary düşelen daşlaryň aşagyndaky çukurjykda ýerleşdirýärler. Höwürtgede 14-e çenli meneksiz mesge reňkli ýumurtgalar bolýar. Jüýjelemek döwri awgust aýynyň ortasyna çenli dowam edýär. Çil käkilikler ösümlikleriň tohumy we miweleri bilen iýmitlenýärler.  Jüýjelerini bolsa mör-möjekler bilen iýmitlendirýärler. Çil käkilikleriň sany gynansakda barha azalmak bilen. Olaryň baş sanyna gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, çil käkilikler Köpetdag we Köýtendag döwlet goraghanalary tarapyndan berk gorag astyna alnandyr.