logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /Çernobyl betbagtçylygyndan 36 ýyl geçdi
  10.10.2022
907
Çernobyl betbagtçylygyndan 36 ýyl geçdi

1986-njy ýylyň aprelinde Ukrainada taryhda iň uly ýadro radiasiýasynyň daşky gurşawa ýaýramagyna sebäp bolan betbagtçylykly hadysa boldy. Çernobyl atom elektrik stansiýasyndaky bu heläkçilik, sebitde we onuň töwereginde köp mukdarda radioaktiw materiallaryň daşky gurşawa ýaýaramagyna getirdi. Sebitden adamlar ewakuasiýa edildi, ýöne haýwanlar galdy.

Betbagtçylykdan 36 ýyl geçdi. Ol ýerde galan haýwanlar radiasiýa sebäpli mutasiýa geçirdi. Golaýda, derňew geçiren alymlar sebitde ýaşyl bolmaly gurbagalaryň gara reňkde köpelýändigini habar berdiler. Hünärmenler bu gurbaga görnüşleriniň açyk ýaşyl derisiniň bolmalydygyny aýdýarlar.

Ispaniýanyň Owedo uniwersitetiniň alymlary gurbagalardaky gara reňkiň radiasiýanyň täsirini peseldýändigini olaryň diri galmagyna kömek edýändigini we belleýärler. Sebitde diňe bir gurbagalar däl eýsem başga-da birnäçe jandar radiasiýa sebäpli mutasiýa geçirdi.