logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çehiýadan başlap, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana çenli syýahatçylyk otly gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär
  28.11.2022
1119
Çehiýadan başlap, Türkmenistanyň üsti bilen Gazagystana çenli syýahatçylyk otly gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär

Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu ýakynda Ankaranyň adyna Çehiýanyň Demirýollary hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň agzalarynyň birinden hatyň gelip gowşandygyny gürrüň berdi. Şol hatda 2024-nji ýyla Çehiýadan başlap, Gazagystana çenli syýahatçylyk gatnawlaryny ýola goýmak teklip edilýär. Bu ugur aşakdaky ýaly tertipde teklip edilýär: Çehiýa, Slowakiýa, Wengriýa, Bolgariýa, Türkiýe, Gruziýa, Azerbaýjan, Türkmenistan, Özbegistan we Gazagystan.

Adil Karaismailoglu: «Bu ugurdaky päsgelçilikleri aýyrmak üçin has köp tagalla edilmelidigini bellemek isleýärin» diýip, aýtdy. Şeýle hem ministr Türkiýäniň Ankara bilen Kars aralygynda hereket edýän «Gündogar Express» demir ýol arkaly gatnawy Baku şäherine çenli uzaltmagy teklip edýändigini aýtdy.

Belläp geçsek, «Baku-Tbilisi-Kars» (BTK) demir ýolunyň işe girizilmegi bilen diňe bir ýük daşamagyň däl, eýsem ýolagçy gatnawynyň hem ähmiýeti artdy. Türkiýäniň Ulag we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglu Türki döwletleriniň guramasynyň çäginde ýol gatnawlary boýunça Bilelikdäki utgaşdyryjy geňeşi döretmegi teklip edýär. 

 

Oguljeren SAPAROWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we 
dolandyryş institutynyň talyby.