Kitap okamak. Kitap – her bir ynsanyň ýakyn hemrasydyr. Kitaby özünde dost tutunan islendik çaga hyýal dünýäsinde özüçe bir dünýäni gurýar. Şol hyýaly dünýä hem çaganyň dünýä akyl ýetirmegine ýardam edýär. Çaganyň durmuşynda okuw kitaplary bilen birlikde çeper edebiýatlaryň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilim dünýäsine çuňňur aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna kömek edýär. Şeýle-de kitap her bir çaga jemgyýetde öz ornuny tapmagyna hem itergi berýär. Şonuň üçin hem çagalarda kitap okamaklyga bolan höwesi kemala getirmek ilkinji nobatda ata-enäniň, ýakynlarynyň, mugallymlarynyň paýyna düşýär.
Aýdym-saz. Çaga zehinine uly täsir edýän şertleriň biri-de aýdym-sazdyr. Dürli temadaky aýdymdyr-sazlar çaganyň beýnisiniň işjeňliginde uly rol oýnamak bilen, aýratyn hem ol beýniniň sag ýarym şarynyň işjeňligini artdyrýar. Şonuň üçin hem bu ugurda dürli gözlegleri amala aşyran hünärmenler çagalara kiçilikden başlap saz diňletmekligiň diýseň peýdaly netije berýändigini öňe sürýärler.
Sport bilen meşgullanmak. Her bir çaganyň sagdyn bedenli bolup ýetişmeginde sport bilen meşgullanmaklyk uly orny eýeleýär. Çünki «Sagdyn bedende – sagdyn ruh» diýilýär. Sport çagalaryň ýaramaz endiklerden gaça durmaklaryna, wagtlaryny tygşytly sarp etmeklerine ýardam edýär. Sport bilen baglanyşykly kinofilmlere, dürli sport bäsleşiklerine tomaşa etmeklik hem çagalarda sporty söýmäge hyjuw döredýär. Çaganyň eýýäm irki döwründen başlap onuň sport bilen meşgullanmagyna zerur bolan şertleri döredip bermeklik möhümdir.
Surat çekmek. Çagalaryň zehin taýdan kämilleşmeginde, olaryň hyýaly döredijiliginiň, pikirlenmek ukybynyň, sungata bolan söýgüsiniň artmagynda, ynam, wepalylyk, watansöýüjilik ýaly duýgularyň kemala gelmeginde surat çekmekligiň möhüm orny bar. Dürli reňkli galamlary gezekleşdirip ulanmak arkaly çagalar reňkleriň syrly dünýäsine aralaşýarlar. Çaganyň çeken her bir suraty üýtgeşik hem täsin dünýägaraýşy emele getirýär. Eger-de çaga maşgalada asuda we rahat terbiýelenýän bolsa, onda onuň suratlarynda hem asudalyk, parahatlyk höküm sürýär. Bu bolsa kemala gelýän çaganyň gylyk-häsiýetiniň hem asuda bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa olaryň mekdepde hem öwredilýän bilimleri tiz özleşdirmeklerine, deň-duşlary bilen gowy aragatnaşyk saklamaklaryna ýardam edýär. Surat çekmek çagalaryň sözleýiş endiginiň hem kämilleşmegini, ýatkeşligini ösdürýär. Ulalandan soň çagalyk döwrüni ýatlamaga itergi berip, olary oýlap tapyjylyga, döredijilige ugrukdyrýar. Çagalaryň surat çekmek üçin sarp edýän wagtynda olaryň beýnisiniň pikirleniş, oýlap tapyş işjeňligi diýseň ýokarlanýar.
Oýnawaçlar. Ynsan ömrüniň iň bir şadyýan hem gaýgy-aladasyz döwri bolan bagtyýar çagalyk bir-birinden gyzykly oýunlardan ybaratdyr. Çagalykda dürli oýunlar çaganyň kemala gelmeginde möhüm orny eýelemek bilen, çagany geljekki durmuşa taýýarlaýar. Oýunlaryň esasy serişdesi bolan oýnawaçlar çaganyň ruhy taýdan ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Ol çaganyň her bir meselede özbaşdak çözgüt tapmagyna, hyýallarynyň giňelmegine we dürli ukyplary ele almagyna ýardam edýär. Bular bilen birlikde, esasy ýagdaýlaryň biri-de oýnawaçlary çaganyň ýaşyna görä alyp bermeklik hem möhümdir.
Gülşirin GAÝYPOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.