logo

Latest news:
✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦
Home / Economics /Çagalaryň şaý-sepleri barada
  08.12.2021
990
Çagalaryň şaý-sepleri barada

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan gymmaty gaçman gelýän milli bezeg şaýlarymyz görenleri haýran edýär. Türkmen halkynyň bäş müňýyllyk taryhy özüniň medeni aýratynlyklary bilen dünýä haklaryna bellidir. Köküni Oguz han eýýamyndan alyp gaýdýan türkmen halky senetçiligiň dürli görnüşlerini durmuşa ornaşdyryp şu güne çenli ony kämilleşdirip gelipdir. Senetçiligiň kämil görnüşleriniň biri hem milli zergärçilikdir. Zergärçiligiň ilkinji alamaty has gadymy döwürlerde ilkidurmuş adamlaryň awçylyk bilen meşgul bolan zamanlarynda döräpdir. Türkmen topragynda irki adamlaryň gonalgalary bolan Jebel, Damdamçeşme düşelgelerinden iň ýönekeýje bezeg daşlary tapyldy. Jeýtunda ýaşan adamlar balykgulaklary aýal-gyzlaryň bezeg şaýlary üçin ulanypdyrlar.

         Türkmen milli bezeg şaýlary özleriniň köpdürlüligi, gelşikliligi, nagyşlarynyň nepisligi bilen tapawutlanýarlar. Zergärleriň ýönekeýje serişdeler arkaly çylşyrymly çeper şaýlary döretmegi olaryň öz kärine örän ussat bolandyklaryny görkezýär. Bezeg şaýlarynyň ýüzleri dürli nagyşlar bilen bzelýär. Olara ösümlik, haýwanat, geometriki, asman jisimleri bilen baglanyşykly nagyşlar degişlidir. Nagyş türkmen halkynyň oý-pikiriniň, tebigaty şahyrana duýmaklygyň özboluşly şöhlelenmesidir. Türkmen nagyşy sadalygy, düşnükliligi, çeper görnüşleri, ýerbe-ýerliligi bilen tapawutlanýarlar.

         Türkmenlerde egin-eşikleriň geýliş usulynyň ýaş aýratynlyklary boýunça bölünişi ýaly, bezeg şaýlarynyňdakylyşy hem ýaş aýratynlyklary boýunça bölünýär. Olara: çagalar dakylýan, ýaş gyz-gelinleriň dakynýan, orta ýaşan zenanlaryň dakynýan, ýaşuly ene-mamalarymyzyň dakynýan bezeg şaýlary degişlidir.

         Ýagny, türkmenlerde çagalara daylýan bezeg şaýlar daşky hadysalardan,  has takygy gözden-dilden goramak üçin, şeýle hem gelşikli eşik bezegi hökmünde ulanylypdyr. Türkmenleriň zergärçilik önümleriniň arasynda çagalaryň bezeg şaýlary aýratyn orun tutýar. Çaga bezeg şaýlarynyň görnüşleri we şekilleri köpdürlüdir. Çagalaryň baş gaplary bolan tahýa dakylýan bezeg şaýy bolan: gupba, dagdan, ýelpewaç, dogaçyr, depe doga, ýazma, alynşaý, bent degişli bolup biri-birinden düýpgöter tapawutlanýarlar. Şeýle-de, çaga eşiklerine dakylýan bezeg şaýlaryna, ok-ýaý, bäzbent, tumarça, kürte gulak ýaly bezeg şaýlary degişlidir.

         Asyrlardan aşyp gelen zergärçilik sungaty ýitmän öz ähmiýetini has giňeldýär. Türkmen halky bu sungaty ýitirmän, tersine hasam giňeldýär we kämilleşdirýär. Türkmen halkynyň taryhyna ser salanyňda, zergätçilik sungatynyň gadymy döwürlerde emele gelip, soňra çylşyrymly şertlerde ösendigini taryhy, arheologik, etnografik maglumatlar aýdyň tassyklaýar.