Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ✦ ✦ Ýurdumyzda Turkiýanyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler ✦ ✦ Maşgala terbiýesiniň orny we ähmiýeti ✦ ✦ Oba hojalyk ekinleriniň täze sortlary hasyllylygyň kepili ✦ ✦ Magtymguly Pyragy medeni-seýilgähindäki şahsyýetler: Saýido Nasafi ✦ ✦ Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär ✦ ✦ Täze okuw kitabynyň neşiri bilim ulgamyna uly goşantdyr ✦ ✦ Türkmen milli gymmatlyklary täze okuw kitabynda orun alýar ✦ ✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /ÇAGA EDEBI EZIZ
  22.09.2022
796
ÇAGA EDEBI EZIZ

       Hakykatdan-da, çaga eziz, edebi ondan-da eziz. Munuň şeýledigini çaga terbiýesi babatda köpýyllyk iş tejribe aýdyň subut edýär. Çagalykda kalba siňen iň gowy      edep-terbiýe duýgusy ynsanyň bütin ömrüniň bezegi, ýol görkezijisi bolup durýar. Çaganyň öz eziz maşgala çäginden çykyp, köpçülige goşulýan edep-terbiýe ojagy bolsa mekdebe çenli çagalar edaralarydyr. Köpçülik çaganyň terbiýesine, kämil ösüşine oňaýly täsir edýär. Bu babatda, ýurdumyzyň çagalar bakja-baglarynyň ýolbaşçylaryna, terbiýeçilerdir enekelere uly jogapkärçilik düşýär. Muňa dogry düşünip, öz gündelik zähmetini çaga terbiýesi ýaly sogap işe bagyş edýän terbiýeçileriň ençemesi etrabymyzyň çagalar bagy bilen birlikde, 10-njy çagalar bakja-bagynda zähmet çekýän işgärler has öwgä mynasypdyr.


       Bu bakja-bagynda 16 toparda 320 çaga terbiýelenýär. Bu ýerde çagalar terbiýeçileriň mähir-aladasy bilen gurşalandyr. 10-njy çagalar  bakja-bagynda tejribeli terbiýeçileriň birnäçesi zähmet çekýär. Gündelik zähmetde halypa-şägirtlik ýolunyň giňden ornaşdyrylmagy terbiýeçilik işleriniň ilerlemegine itergi berýär. Netijede, Dünýägözel Muhammetmyradowa, Annadursun Jumaýewa, Dursun Orazmyradowa, Ogulbossan Kakabaýewa ýaly ýaş terbiýeçiler öňdebaryjylaryň hataryna goşuldylar.


       Şu ýerde çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmekde we saglyklaryna gözegçiligi yzygiderli alyp barmakda dil düzediş mugallymy Ogulkeýik Gurbandurdyýewanyň, şepagat dogany Annamyrat Kösäýewiň bitirýän işleri aýratyn belläp geçmäge mynasypdyr. Terbiýeçi-usulçy Oguljemal Orazowanyň guramaçylyk ukyby bolsa çagalarymyzyň etrap, welaýat, döwlet derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklerde şowly çykyş etmeklerine itergi berýär. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygynyň çäginde geçirilen “Ýaşyl yşyk” bäsleşiginiň etrap tapgyrynda 10-njy çagalar bakja-bagynyň 1-nji orna mynasyp bolmagy muňa şaýatlyk edýär.


       Elbet-de, çaga bedeni elmydama ösüşde. Şonuň üçin olary howa, Gün, suw şertlerine uýgunlaşdyrmaklyga-da yzygiderli üns berilmeginiň ähmiýeti uludyr. Munuň üçin taplama çäreleri yzygiderli geçirilýär. Her ýylyň maý aýyndan başlanýan howa , suw bilen çaga bedenini taplamak çäreleriniň kada-düzgüni bolsa ýurdumyzyň ähli çagalar bakja-baglarynyň terbiýeçilerine tanyşdyr. Bu taplama çäreleri göwnejaý geçirilýär.


       Goý, ýaş nesle bagtyýar çagalygy bagyş edýän, durmuşyň gül-gunçalary barada elmydama aladalanýan hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri elmydama rowaç bolsun.

 


Myrat ÇARYÝEW,

Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler
arkalaşykarynyň Tejen etrap
Geňeşiniň başlygy.