logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy
  30.11.2021
9762
Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy

Ençeme ýabany ösümliklerden adam keseline melhem etmek üçin dermanlyk maddalar alynýar.Oňa käkilik oty, buýan köki, keýik oty we beýleki birnäçe dermanlyk ösümlikleri mysal bolup biler.Olardan adam saglygy üçin has köp ulanylýan dermanlyk ösümlikleriň biri hem buýan kökidir. Bu lukmançylygyň taryhynda iň gadymy dermanlyk ösümlikleriň biridir. Häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde ýerleşýän “Buýan” obasenagat toplumy eksport möçberini artdyrmagy nazarlaýar. Buýan kökünden alyndan melhemler häzirki wagtda dünýä bazarlaryna çykarylýar we ýokary hilliligi bilen tanalýar. Mundan başgada buýan köki koronawirus üçin tebigi bejeriş bolup durýar. Germaniýanyň Essen uniwersitetiniň hassahanasynyň alymlary laboratoriýa gözlegleri üçin 8 mg/ml buýan köküniň şerbetini taýýarlapdyrlar we onuň düzümindäki  glisirizin  turşusynyň koronawirusyň täze görnüşini bejermekde täsiri bolup biler diýip nygtap geçipdirler.

        Ilat arasynda süýji buýan ady bilen belli bolan ösümligiň Ýurdumyzda 4 görnüşi, Dünýäde bolsa 15 görnüşi duş gelýär. Buýan köki halk lukmançylygynda içde döreýän kesselleri, üsgülewük, böwrek, ýokary dem alyş ýollaryň hem-de on-iki barmak içegäniň kesellerini bejermekde ir wagtdan bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň derman serişdeleriniň ýygyndysynyň sanawynda bu ösümlik birinji bäşlikde durýar. Bu süýji önümiň düzüminde 23 göterime çenli glisirizin turşusy bar. Glisirizin turşusynyň esasynda allergiýany, sowuklamany, bronh demastyndaky, wiruslara garşy ulanylýan dermanlar taýýarlanýar.

Häzirki wagtda bu ösümlik 300-den gowurak derman serişdesiniň düzümine goşulýar.

        Pajarlap ösýän eziz watanymyzda adam saglygyny gorap saklamak barada aladalar gün-günden ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň adam saglygyny gorap saklamak barada durmuşa geçirýän işleriniň netijesinde bimöçber alada edilýändigi, adam saglygynyň ýokary derejelerinde saklanýandygyna, ýaşlarymyzyň geljekde sagdyn bedenli, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly sagdyn bedenli sagdyn ruhly ýaşlary kemala getirmekde uly işler alnyp barylýar.