logo

Soňky täzelikler:
✦ Awazada halkara duşuşyklar dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy birleşdirdi ✦ ✦ Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny goramakda ekologiýa medeniýetiniň ähmiýeti ✦ ✦ Hazar deňziniň suw derejesiniň üýtgemegi ylmy barlaglaryň ähmiýetini artdyrýar ✦ ✦ DARYA maksatnamasynyň Ýokary derejeli toparynyň 5-nji mejlisi başlady ✦ ✦ Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Ferdöwsi uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy ✦ ✦ Awa­za­da Ha­zar eko­lo­gi­ýa sam­mi­ti ge­çi­ril­di ✦ ✦ Oba hojalygynda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti ✦ ✦ Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramy ýokary derejede bellenildi ✦ ✦ Alymlar galyňlygy üç atoma deň bolan ultraýuka linzany döretdiler ✦ ✦ «Ýandeks» aýdym-saz maslahatlary üçin Sona atly täze neýrotory hödürledi ✦
Baş sahypa / Saglyk /Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar
  02.04.2022
1436
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi guralar

Şu ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabat şäherinde köpçülikleýin welosiped ýörişiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Meýilleşdirilýän çärelere görülýän taýýarlyk baradaky hasabat Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde diňlenildi.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 3-nji iýunyň Bütindünýä welosiped güni diýlip yglan edilmegi hem-de şu ýylyň 15-nji martynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň sporty we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmekden gazanýan üstünliklerine halkara bileleşigi tarapyndan ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Welosipedli ýöriş paýtagtymyzdaky Welosiped binasyndan badalga alar. Şeýle-de köpçülikleýin welosiped ýörişiň geçiriljek ugurlarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň hem-de aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary gurnalar. Şeýle çäreler Saglyk ýolunda hem dowam eder. Bu ýerde “Saglygym-baş baýlygym” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çäreleri, ýaryşlar we görkezme çykyşlary gurnalar.