logo

Latest news:
✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýa “Turkmen Travel 2026” sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Dünýä dilleri institutynyň mugallymy halkara bäsleşikde aýratyn üstünlik gazandy ✦ ✦ Sportda iň köp göýberilýän 10 ýalňyşlyk we olardan nädip gaça durmaly ✦ ✦ «Diller Dünýäsi» malaýziýaly myhmanlary kabul etdi ✦ ✦ Aşgabatda «Turkmentravel — 2026» halkara sergisi we maslahaty dowam edýär ✦ ✦ «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 2026-njy ýylyň üçünji sany çapdan çykdy ✦ ✦ Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasy ✦ ✦ Takyk ugurly bilimleriň ösdürilmegi — geljegiň berk binýady ✦ ✦ «Ýaş inžener 2026» atly robototehnika we programmirleme bäsleşigi geçirilýär ✦
Home / Society /Böwürsleniň ähmiýeti
  06.05.2021
821
Böwürsleniň ähmiýeti

       Türkmenistanyň ösümlik dünýäsi örän baý. Güneşli ülkämiziň ösümlik dünýäsiniň dermanlyk häsiýetlerine eýe bolmagy, käbir görnüşleriniň bolsa dünýäniň beýleki ýerlerinde duşmaýandygy ylmy esasda subut edildi. Ýurdumyzda bitýän ösümlikleriň ählisiniň diýen ýaly dermanlyk häsiýetiniň bolmagy, olaryň gymmatyny has-da artdyrýar. Ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri baradaky gymmatly ylmy maglumatlara köpsanly ylmy çeşmelerde duşmak bolýar. Mysal üçin, ol gündogaryň görnükli alymlary Abu Ali Ibn Sina, Seýit Ysmaýyl Gürgenli, Muhammet Gaýmaz Türkmen, Biruny ýaly dünýä belli alymlaryň işlerinde öz beýanyny tapýar.

     Diňe bir azyklyk häsiýete eýe bolman, şol bir wagtyň özünde lukmançylykda we senagatda gymmatly çig mal hökmünde giňden meşhur bolan ösümlikleriň biri-de böwürslendir. Böwürsleniň dermanlyk häsiýetleri we ondan peýdalanylyşy barada hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik kitabynyň I jiltinde giňişleýin beýan edilýär. Böwürslen Diýarymyzyň çäklerinde Kürendagda, Däneatada, Garagezde, Jigirdeklide, Uzynsuwda, Isgenderde köpçülikleýin bitýär. Häzirki döwürde böwürsleniň bejeriş häsiýeti we mümkinçiligi lukmançylykda ylmy taýdan tassyk edilendir. Böwürsleniň iýmişinde 10 göterime çenli şeker (glukoza, fruktoza) organiki turşulyklar  (leýmun, alma, turşuja we başgalar) karotin, B,C,E toparynyň witaminleri, eý maddalary, kaliniň hem misiň duzlary saklanýar.Ösümligiň ýapragynda 14 göterime çenli eý maddalarynyň we flawonoidleriň, organiki maddalaryň bardygy alymlar tarapyndan anyklanyldy. 

    Böwürslen halk lukmançylygynda gana togtadyjy, gyzgyny peseldiji, bokurdak agyryny aýyryjy, keýpiňi göteriji, peşew we der çykaryjy, içegede dörän ýaralary, aýaga we ele suw ýygnanmagy, ýoňlamany, nerw sökelliklerini dep ediji serişde hökmünde peýdalanylýar. Ösümligiň öte bişen miweleriniň ýeňil iç sürüji häsiýeti bardyr, bişmedik miweleri bolsa tersine, iç gatadyjy häsiýete eýedir. Mundan başgada, ösümligiň iýmişi içegeleriň işjeňligini gowulandyrýar, ol sözenekde hem böwrek kesellerine nepli. Onuň ýapragyndan taýýarlanan tozy baş ýaralarynda ulanylýar. Böwürsleniň miwesi gaýnadylyp, ondan bal alynýandygy hemmelere mälimdir.Bu ösümlikden lukmançylyk ulgamynda ulanylýan dürli reňkleri we boýaglary almak mümkindir.