logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Economics /Bol Hasylyň gözbaşy
  12.10.2020
754
Bol Hasylyň gözbaşy

      Tejen etrabynyň gallaçy kärendeçileri bol hasylyň gözbaşyny ekin meýdanlaryny ekerançylyga taýýarlamakdan gözleýärler. Ýeriň çüňňür sürülmegi, göwnejaý iýmitlendirilmegi, tekizleýiş işleriniň atanaklaýyn, kadaly usullarda geçirilmegi, şeýle hem galla ekişiniň ýokary hilde alnyp barylmagy, geljekki bol hasylyň esasyny düzýär.  Sebäbi gallaçy kärendeçiler pederlerimiziň “ekin ekseň bugdaý eken” diýen pähimli sözlerinden ugur alýarlar. Şu maksat bilen güýzlik bugdaý ekişine etrap häkimligi tarapyndan ýörite meýilnamalar işlenip düzüldi. Bu babat-da, gallaçy kärendeçileriň, halypa daýhanlaryň, şeýle hem bu işe dahylly hünärmenleriň güýzlik bugdaý ekişine gatnaşdyrylmagy gazanyldy. Munuň özi bolsa ekiş geçirilmeli meýdanlaryň işleriniň öz möhletlerinde tamamlanmagyna ýardam edýär.

Daýhanyň daýanjyna öwürlen kuwwatly tehnikalar bolsa bu günki-gün olaryň ýardamçylaryna öwrüldi. Ekerançylyk meýdanlarynda gije-gündüziniň dowamynda alnyp barylýan güýzlik bugdaý ekişi ýakymly we ajaýyp pursatlary döredýär. Etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan 10 günlik ýaryşda, bu işlerde öňe gidişlikleriň gazanylmagyna getirýär. Etrabyň irki bugdaý ekiş geçirilen ekin meýdanlarynda kadaly gögeriş gazanyldy, ýaşyl öwüsýän däneli meýdanlara ideg etmekde bolsa gallaçy kärendeçiler billerini mäkäm guşap işleýärler. Bu işleriň gün saýyn ilerlemegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.