logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Dünýäde /BMG: «771 million adam sowatsyz»
  08.09.2022
923
BMG: «771 million adam sowatsyz»

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde jemi 771 milliondan gowrak sowatsyz adam bar.

 

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylmy we medeni guramasynyň (ÝUNESKO) maglumatlaryna görä, soňky 50 ýylda esasanam ýaş ilatyň arasynda sowatlylyk derejesi ep-esli ýokarlandy. Şeýle-de bolsa, bu ösüşe garamazdan, häzirki wagtda dünýäde 771 milliondan gowrak sowatsyz adam bar. Olaryň üçden iki bölegi bolsa zenanlar bolup durýar.

 

 

Statistika maglumatlaryn görä, dünýäde 15 ýaşdan ýokary sowatlylygyň 1990-njy ýylda 74 göterime, 2000-nji ýylda 81 göterime, 2010-njy ýylda 84 göterime we 2020-nji ýylda 87 göterime çenli ýokarlanandygyny görkezýär.

 

 

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylmy we medeni guramasy sowatsyzlygyň artmagynyň esasy sebäbini dünýädäki kyn ýagdaýlar (koronawirus pandemiýasy, uruşlar) bolup durýandygyny belleýär.

 

 

ÝUNESKO - 1967-nji ýylda her ýylyň 8-nji sentýabryny Bütindünýä sowatlylyk güni hökmünde bellemek kararyna geldi. Hut şol gün, jemgyýetde sowatlylygyň ähmiýetini nygtamak we bu mesele boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen dürli çäreler gurnalýar.