Türkmenistanyň Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilip, oňyn we hemişelik häsiýete eýedir. Ýurdumyz bu jogapkärli derejeden gelip çykýan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň hemişelik Bitaraplygyna ýokary baha berýär. Döwletimiziň dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň giňelmegine Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy parahatçylygy, hopsuzlygy işinde Türkmenistan iri halkara guramalary, ilkinji nobatda, BMG, onuň düzüm birlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen parahatçylykly ýaşamagyň ýörelgelerine laýyk gelýär, ýagny halklaryň öz ykballaryna özbaşdak erk etmeklerine, döwletleriň özygtyýarlylygyny we çäkleriniň bitewligini hormatlamaga, gapma-garşylykly ýagdaýlary parahatçylykly gepleşikler arkaly, syýasy-diplomatik serişdeleriň üsti bilen kadalaşdyrmaga, ählumumy abadançylygyň we ösüşiň hatyrasyna deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen bitaraplygynyň birnäçe aýratynlyklary bar. Ýurdumyzyň bitaraplyk derejesi gelip çykyşy boýunça milletler bileleşigi tarapyndan ykrar edilendir, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen tassyklanandyr. Bitaraplyk derejämiz görnüşi boýunça hemişelikdir. Ýagny, bu dereje wagt ölçeginde çäklendirilmedikdir, bu bolsa ýurduň daşary syýasatynyň düşnükli, durnukly bolmagyny üpjün edýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy mazmuny boýunça oňyn häsiýetlidir, bu derejämiz parahatçylygy saklamak, howpsuzlyk we ösüş meselelerinde döwletiň tutýan netijeli ornuny, ýurduň daşary syýasatyna işjeň-döredijilik häsiýetini berjek ýurtlaryň hemmesi bilen dostlukly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmegi göz öňünde tutýar. Türkmen bitaraplygy hil boýunça esaslydyr, bu bolsa döwletimiziň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny tutanýerlilik bilen maksadalaýyk ýerine ýetirýändigini aňladýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalanmagyna, şeýle hem milli kanunçylygyň ösmegine, kämilleşmegine ýardam etdi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygyň, jebisligiň berkemegine, sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen dostlukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmeklige gönükdirilen içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir halkymyzyň däl-de, eýsem, bütindünýä bileleşiginiň gymmatlygydyr.