logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Biraýlyga bagyşlanan çäreler
  13.09.2022
737
Biraýlyga bagyşlanan çäreler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýol hereketiniň kadalaryny we raýatlarymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine her ýyl däbe öwrülen “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygynyň geçirilýändigi aýdyň şaýatlyk edýär.

 

 

Biraýlyga bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşyklary, bäsleşikler Tejen etrabynyň çäginde hem yzygiderli geçirilýär. Ýakynda bolsa Tejen etrap bilim bölüminiň,  Tejen şäher, etrap Polisiýa bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde gurnamagynda etrap bilim bölüminde “Howpsuz ýol – abadan durmuş” ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga etrabyň ähli bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler, mekdep okuwçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wekilleri gatnaşdylar.

 

 

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her ýyl ýurdumyzda yglan edilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň geçirilmegi ýol-ulag hadysalarynyň, şikes almalaryň öňüniň alynmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändigi hem-de ähli babatda il-halkyň rahatlygyny, saglygyny, bähbidini ileri tutýan Döwlet baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän, öz netijeliligini tassyklan biraýlygyň hem hut şoňa gönükdirilendigini buýsanç bilen belläp geçdiler.

 

 

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň abadan durmuşy, röwşen geljegi ugrunda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini aýtdylar.

 

 

Maral AKYÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň esasy hünärmeni.