logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦ ✦ Durmuş işi hünäri boýunça okuw maksatnamasy kämilleşdirilýär ✦ ✦ Dutar owazynyň goşa gudraty ✦ ✦ Ynanyşmak medeniýetine ygrarlylyk ✦ ✦ Ählumumy meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirip ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr
  29.03.2023
988
Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr

Bagtyýar zamanamyzda ýaşlaryň ylym-bilim öwrenip, hünärli bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda ylmy ösdürmek, ýaşlaryň ylym-bilimden kemally bolmagyny üpjün etmek babatynda uly işler amala aşyrylýar.

Mähriban Diýarymyzda gurulýan täze bilim edaralary, mekdepdir çagalar baglary döwrebap okuw gollanmalar, esbaplar bilen üpjünleşdirilýär. Ýaşlara bilim bermekde okatmagyň täze usullary, halkara tejribesi ornaşdyrylýar. Türkmenistanda sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bilen, ýaş nesle berilýän bilimiň mazmuny baýlaşdy, hili ýokarlandy.

Ylym, bi­lim, ter­bi­ýe bol­sa, döw­le­ti­mi­zi we jem­gy­ýe­ti­mi­zi hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mek­de esa­sy bin­ýat bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ba­bat­da ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ug­ruň üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ma­gyn­da mu­gal­ly­myň us­sat­ly­gy­nyň äh­mi­ýe­ti ýo­ka­ry­dyr.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler bizi juda begendirýär we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýaş nesillerimizi ählitaraplaýyn üns-alada bilen gurşap, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza ýürekden çykýan alkyşlarymyzy aýdýarys.

Goý, ýaşlaryň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri barada uly alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Ejebaý BERDIÝEWA,

Hydyr Derýaýew adyndaky 
Mugallymçylyk mekdebiniň 
mugallymy.