logo

Latest news:
✦ Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy ✦ ✦ Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy ✦ ✦ Türkiýe Respublikasy ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygyny goldamagy dowam etdirer ✦ ✦ Türkmenistanyň bilim ministri Koreýanyň ilçisi bilen duşuşdy ✦ ✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦
Home / Science and Education /Bilimli ýaşlar bilen röwşen geljege
  06.01.2023
976
Bilimli ýaşlar bilen röwşen geljege

Bedew batly ösüşler bilen rowaçlanýan berkarar Watanymyzda bagtyýar halkymyz abadan hem parahat durmuşda agzybir ýaşaýar. Gazanylýan özgerişleriň ählisi-de öz gözbaşyny ylym-bilimden alýar. Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ylym-bilimi hemmetaraplaýyn ösdürmek, onuň gazananlaryny netijeli ulanmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda kämil hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär. Ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň innowasion ösüşinde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny barha pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly ulgama geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar, sanly ylym-bilim, sanly ykdysadyýet ýaly dünýä derejesinde gazanylan ugurlar boýunça bu ulgama goşulmak babatyndaky işler üstünlikli dowam etdirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasy, «Türkmenistanda 2019—2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» boýunça möhüm wezipeler tassyklanyldy. Bu bolsa dünýä ölçeglerine laýyklykda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki şertlerde islendik ýurduň ösüş derejesi, onuň ykdysady kuwwaty, ylym-bilim ulgamynyň ösüşi bilen kesgitlenýär. Tehnologiýalaryň ösen döwründe ylmy-bilim ulgamy hem döwür bilen aýakdaş rowaçlyga galkynýar. Sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilimiň hilini ýokarlandyrmak arkaly okatmagyň usulyýeti has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda döwrüň talaplaryna deň laýyk gelýän häzirki zaman tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleriniň ençemesi açylýar.

Goý, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzy uly üstünliklere, rowaçlyklara besläp, röwşen geljege, nurana ertire alyp barýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin! 

 

Maýsa ÝUSUPOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.