Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmeniň goşa ganaty ✦ ✦ Ýaşlar baýragy ― ýaşlygyň serpaýy ✦ ✦ Türkmen-özbek medeni gatnaşyklarynda täze sahypa ✦ ✦ Ýaşlar syýasaty — beýik ösüşleriň badalgasy ✦ ✦ Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy ✦ ✦ Aşgabatda "DevFest 2024" tehnologiýa festiwaly geçirilýär! ✦ ✦ II Türkmen — Özbek forumynda täze ylalaşyklar gazanyldy ✦ ✦ Türkmenistan Hytaýyň hakara söwda sergisine gatnaşmaga çagyryldy ✦ ✦ Aýdym-saz ynsanyň göwün syrdaşy ✦ ✦ Ylym-bilim – ösüşiň kämil çeşmesi: ýaş nesillere ylym-bilim bermegiň täze usullary ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bilimli nesil – ýurduň geljegi
  10.04.2023
673
Bilimli nesil – ýurduň geljegi

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da ylym-bi­li­mi ös­dür­mä­ge döw­let de­re­je­sin­de äh­mi­ýet be­ril­ýär. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da ýaş­la­ryň bi­lim al­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 — 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mil­li Mak­sat­na­ma­syn­da» bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýo­ka­ry ne­ti­je­li bi­li­mi üp­jün et­mek ug­run­da kes­git­le­nen we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy ber­ki­di­lip, ol hä­zir­ki za­man mul­ti­me­dia, san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ta­ra­pyn­dan ka­bul edi­len döw­let we mil­li mak­sat­na­ma­lar­da kes­git­le­nen we­zi­pe­le­re la­ýyk­lyk­da bi­lim eda­ra­la­ry­nyň işi­ni kä­mil­leş­dir­mek, mu­gal­lym­lar üçin dö­re­di­ji­lik­li iş­lär ýa­ly şert­le­ri, ta­lyp­lar okap öw­re­ner ýa­ly äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­ret­mek, okuw ki­tap­la­ry hem-de okuw-usu­ly gol­lan­ma­lar bi­len üp­jün et­mek, ola­ra dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry we okuw-teh­ni­ki en­jam­la­ry or­naş­dyr­mak iş­le­ri yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýar. Yl­myň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry hem-de okat­ma­gyň in­no­wa­sion usu­ly­ýe­ti bi­lim ul­ga­my­na giň­den or­naş­dy­ryl­ýar.

Ýur­du­myz­da bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bol­mak bi­len, bu ba­bat­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän iş­ler buý­san­dyr­ýar. Bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-teh­ni­ki, şeý­le-de yl­my-usu­ly­ýet bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek we döw­re­bap­laş­dyr­mak iş­le­ri mö­hüm or­ny eýe­le­ýär. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler top­lum­la­ýyn we yzy­gi­der­li hä­si­ýe­te eýe­dir. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ta­gal­la­sy bi­len ýur­du­myz­da hä­zir­ki za­ma­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­ýän yl­my-teh­no­lo­gik en­jam­la­ry we okuw-teh­ni­ki se­riş­de­le­ri bi­len üp­jün edi­len tä­ze ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň, okuw mek­dep­le­ri­niň, ça­ga­lar we ýaş­lar üçin çe­per­çi­lik mer­kez­le­ri­niň, sport meý­dan­ça­la­ry­nyň bi­na edil­me­gi bu ha­ky­ka­ty do­ly tas­syk­la­ýar.

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­my­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­ üçin uly işleri ama­la aşyr­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, be­ýik iş­le­ri ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! 

 

Selbi WEPAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.